Iň täze habarlar

Türkmenistan we FAO ýurtda ýerden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýarlar

26.07.2023 | 15:55 |
 Türkmenistan we FAO ýurtda ýerden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýarlar

Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, daşky gurşawy goramak, maliýe, ykdysadyýet, babatyndaky, statistika edaralarynyň we beýleki ugurlaryň hünärmenleri BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen ýerden we suwdan netijeli peýdalanmak boýunça taslamalaryň ýerine ýetirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara bilermenler Iwetta Zenina, Karolina Starr we Wiktor Lagutow FAO-nyň ileri tutýan ugurlaryna jogap berýän suw-ýer teklipleriniň portfelini bir ýere jemlediler. Amala aşyrylýan taýýarlyk çärelerinden soňra taraplaryň arasynda özara täsiriň önjeýli döwri başlanýar- diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Esasan-da, gürrüň ýurtda ýerden peýdalanmagy ösdürmek üçin döwrebap tehnologiýalary öwrenmek barada boldy. Bu jähtde Aşgabat şäheri aýdyň mysal bolup biler, onuň gülleýän oazisleri döretmek tejribesi bu ugurda işi mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin esas bolup hyzmat edip biler.

Suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi suwy hasaba almagyň datçigini ulanmak arkaly ýurduň demirgazyk-günbatar etraplarynyň birinde jemleniler. Mundan başga-da, meteopunkty döretmek we suwaryş ulgamlarynyň gidrodüwünlerini gowulandyrmak meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň çäklerinde TYA-nyň tehnologiýalar Merkeziniň alymlary tebigatdan rasional peýdalanmak babatyndaky, şol sanda geomaglumat tehnologiýalarynyň we topragy zondirlemegiň distansion usuly esasyndaky işläp düzmelerini görkezdiler.

ORIENT habarlar

Foto: priroda.club

Şeýle hem okaň: