Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet Merkezi boş iş orunlaryny yglan edýär
29.09.2025 | 15:50 |Aşgabatda ýerleşýän Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet Merkezi, pars dili mugallymlary doly we ýarym gün iş üçin işe çagyrýar. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary we Medeniýet Merkezi bilen medeniýet, pars dili we edebiýaty ugrunda işleşmek isleýän ähli gyzyklanýanlar ýüz tutup bilerler.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
-Pars dilinde erkin gepleşmek we ýazmak başarnygy
-Okatmak we mugallymçylyk usulyýetini bilmek
-Türkmen we rus dillerinde erkin gepleşmek başarnygy
Pars dili mugallymy hökmünde iş tejribesi artykmaçlyk hökmünde hasaplanylýar.
Ýurt boýunça gyzyklanýan adamlar hyzmatdaşlyk üçin öz şahsy maglumatlaryny iberip bilerler.
Dalaşgärlerden el bilen ýazylan pars dilindäki giňişleýin maglumaty, onuň suratyny hem-de 3x4 ölçegdäki şahsy suratyny (maglumat bilen bile) ibermek talap edilýär.
Şeýle hem bilim we hünär bilen baglanyşykly resminamalary aşakdaky elektron salgynyň üsti bilen ibermeli: iranculturalconsulate@gmail.com
ORIENT