Iň täze habarlar

«Esasy daýanç»: Şweýsariýanyň neşiri Türkmenistanyň ykdysadyýetindäki bitaraplygyň orny barada

27.09.2025 | 01:45 |
 «Esasy daýanç»: Şweýsariýanyň neşiri Türkmenistanyň ykdysadyýetindäki bitaraplygyň orny barada

Ženewa, 27-nji sentýabr. /ORIENT/. Şweýsariýanyň «UZ» (Umwelt Zeitung) atly neşiri «Türkmenistan: Unbekannt, Neutral und Reich» («Türkmenistan: Garaşsyz, bitarap we baý») atly analitiki makalasyny çap etdi. Onda ýurduň hemişelik bitaraplygynyň diňe bir syýasy garaýyş däldigi, eýsem onuň ykdysady strategiýasynyň «esasy daýanjy» bolup hyzmat edýändigi aýratyn bellenýär.

Makalanyň awtory — Şweýsariýa – Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz boýunça Bilelikdäki Söwda Palatasynyň (JCC) wise-prezidenti Ýurie Moaru — Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň ykdysady ösüşiň, halkara ynanyşmagyň we maýa goýumlaryň iň möhüm faktoryna öwrülendigini belleýär.

Makalada bellenilişi ýaly, harby birleşiklerden daşda durmak we geosyýasy gapma-garşylyklardan gaça durmak Türkmenistanyň ykdysady ösüşe ünsi jemlemäge mümkinçilik berdi. Bitaraplyk ýurdumyza parahatçylykly we durnukly döwlet hökmünde abraý getirdi, bu bolsa neşiriň pikiriçe, «ykdysady ösüş üçin örän netijeli boldy».

«Bitaraplyk ýurduň içinde gapma-garşylyklaryň ýoklugyny üpjün edýär, bu bolsa syýasy garaýyşlara, dine ýa-da millete garamazdan maýa goýumlaryň we aktiwleriň howpsuzlygyny kepillendirýär» - diýip, neşir Moarunyň aýdanlaryny getirýär.

Bu ynanyşmak derejesi halkara maliýe institutlarynyň garaýyşlarynda hem öz beýanyny tapdy: Fitch Ratings ýakynda Türkmenistanyň karz reýtingini «BB-» derejesinde durnukly baha bilen tassyklady; Halkara Walýuta Gaznasy (IMF) bolsa ýurduň 2024-nji ýylda ykdysady ösüşiniň 6,2% çaklaýar, bu bolsa Merkezi Aziýanyň ortaça görkezijisinden iki esse köpdür.

27092025-ekonomika-mir-shveytsariya-neytralitet-turkmenistan (2).jpg

Hemişelik bitaraplygyň ykdysady netijelerini getiren iň möhüm ugurlaryň biri energiýa hyzmatdaşlygy görkezilýär. Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orunda duran Türkmenistan, bitarap daşary syýasaty arkaly eksport ugruny diwersifikasiýalaşdyrmagy başardy.

Neşirde bellenilişi ýaly, Türkmenistan «Gündogara tarap täze turbageçirijileri açdy we Hytaýyň iri gaz üpjün edijisine öwrüldi». Häzirki wagtda Hytaý bilen energetika hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň ykdysadyýetini ep-esli pugtalandyrýar we ýurduň bitaraplyk syýasatyny açyp görkezýär. Bu ýagdaýda gaz dürli ugurlara syýasy çäklendirmeler bolmazdan erkin eksport edilýär.

Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana ygtybarly ulag-logistika merkezine öwrülmäge mümkinçilik berdi. Ýurdumyz «Gündogar-Günbatar» we «Demirgazyk-Günorta» halkara geçelgelerini işjeň ösdürmek bilen, infrastrukturany döwrwlebaplaşdyrmaga, şol sanda Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara Deňiz Portunyň gurluşygyna uly maýa goýumlary goýdy.

Bitaraplyk derejesi ähli goňşy döwletler bilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň binýady bolup hyzmat edýär. Üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysallary hökmünde, Özbegistan bilen energiýa söwdasy we suw serişdelerini dolandyrmak boýunça ýakyn gatnaşyklary, Merkezi Aziýany Pars aýlagy bilen birleşdiren uly demir ýol taslamasy bolsa Gazagystan bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk hökmünde görkezilýär.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda BMG Türkmenistanyň teklibi boýunça «Bütindünýä durnukly ulag gününi» yglan etdi. Bu bolsa halkara baglanyşygyny ösdürmekde ýurdumyzyň öňdebaryjy ornuny tassyklaýar.

ORIENT

Foto: umweltzeitung.ch

Şeýle hem okaň: