«Senagat» banky Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna täze depoziti barada yglan etdi
25.09.2025 | 10:00 |«Senagat» paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlap, raýatlara täze möhletleýin goýum — «Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy» atly depoziti teklip etdi.
Goýum bir ýyl möhlet bilen ýyllyk 10 göterim bilen açylýar. Goýum üçin iň az pul möçberi 100 manat, iň köp möçberi bolsa 500 000 manat. Pul möçberini doldurmak nagt görnüşde-de, «Altyn asyr» bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde hem mümkin.
Bu maksatnama boýunça depozitler 30-njy sentýabra çenli açylýar. Goşmaça maglumatlary «Senagat» bankynyň merkezi edarasyna ýa-da şahamçalaryna ýüz tutup almak mümkin.
Merkezi edaranyň salgysy: Aşgabat, Çandybil şaýoly, 129. Telefon: 44-44-44. Elektron poçta: info@senagatbank.com.tm