Iň täze habarlar

Bilermenler «Bitewi penjire» taslamasyny daşary ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm guraly hökmünde ykrar etdiler

25.09.2025 | 10:20 |
 Bilermenler «Bitewi penjire» taslamasyny daşary ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm guraly hökmünde ykrar etdiler

2025-nji ýylyň sentýabr aýynda garaşsyz halkara bilermenleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we BMG-niň Söwda we Ösüş boýunça Konferensiýasynyň goldawy bilen amala aşyrylan «Eksport-import amallary üçin Bitewi penjire» atly taslamanyň jemleýji seljerilişini geçirdiler.

Barlaglaryň netijesinde «Bitewi penjire» ulgamy daşary ykdysady gatnaşyklary çaltlandyrmagyň hem-de döwlet edaralary bilen işewür jemgyýetiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmegiň möhüm guraly hökmünde ykrar edildi. Bilermenler onuň ugurlarynyň Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak boýunça alnyp barylýan işlere laýyk gelýändigini tassykladylar.

Sanly platformanyň ornaşdyrylmagy pudagara hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam berdi we döwlet dolandyryşynyň elektron görnüşlerine geçmäge mümkinçilik açdy.

Häzirki güne çenli bu ulgama 19 ministrlik we 24 pudaklaýyn dolandyryş edarasy birikdirildi. Bu bolsa resminamalary resmileşdirmek wagtyny gysaltmaga, çykdajylary azaltmaga we hyzmatlaryň açyklygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Sanly hasabatlara görä, 2024-nji ýylda ulgam arkaly takmynan 100 müň rugsatnama resminamasy resmileşdirildi. 2025-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda bolsa elektron görnüşde takmynan 120 müň resminama resmileşdirildi.

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: