Awazadaky sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi we möhüm resminamalara gol çekildi
22.08.2025 | 20:40 |Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.
Liderleriň gatnaşmagynda ulag we logistika, gämi gurluşygy we raýat awiasiýasy ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara, haryt-çig mal biržasy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga hem gol çekildi.
Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda halkara howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama gol geçildi.
ORIENT