Aşgabatdaky Kids Expo: haýran galdyryjy ösüş we uly mümkinçilikler
28.08.2025 | 01:33 |Kids Expo – Türkmenistandaky çagalar we ene-atalar üçin harytlaryň hem-de hyzmatlaryň iň uly sergisi, ynamly ösüş depgini dowam etdirýär. 2024-nji bilen 2025-nji ýyllardaky görkezijileri deňeşdireniňde, bu çärä bolan gyzyklanmanyň artýandygy äşgär duýmak bolýar. 2025-nji ýylyň 21 – 23-nji awgustynda Aşgabatda geçirilen sergi maşgalalar üçin ýöne bir baýramçylyk bolman, eýsem netijeli işewürlik meýdançasyna öwrüldi.
Öz-özüni görkezýän ösüş
“Kids Expo 2025”, 2024-nji ýyldaky ilkinji sergisi bilen deňeşdirilende ägirt uly ösüşi görkezdi.Bu sanlar öz-özlerini aýdyň görkezýär:
✓ Gatnaşanlaryň sany: Gatnaşýan kompaniýalaryň sany 100%-den gowrak artdy. Şeýle gyzyklanma işewürlik tarapyndan tasyklanýar. “Kids Expo” masştablandyrmak we öňe ilerletmek üçin täsirli guraldyr.
✓ Diwarlyklaryň sany: Sergi diwarlyjkarynyň sany 50% artdy, bu bolsa gelýänler üçin has köp önümi, hyzmatlary we interaktiw zolaklary hödürlemäge mümkinçilik berdi.
✓ Görmäge gelenleriň sany: Iň täsir galdyryjy görkeziji görmäge gelenleriň sanynyň köpelmegi boldy. Geçen ýyldaka garanykda “Kids Expo 2025” takmynan 6 müň adam köp gelip gördi. Gelip görenleriň sanynyň ep-esli artmagy serginiň esasy wezipäni üstünlikli çözýändigini görkezýär – maşgalalaryň çagalar üçin ýokary hilli we häzirki zaman önümlerine bolan islegini kanagatlandyrýar.
Maşgala baýramçylygyndan başlap, üstünlikli işewürlik meýdançasyna çenli
“Kids Expo” üstünligi – iki taraplaýyn tapgyrdyr. Sergä gelýänler üçin sergi hakyky baýramçylyga öwrülýär, bu ýerde olar diňe bir çagasy üçin zerur zatlary, oýunjaklardan we eşiklerden başlap, bilim maksatnamalaryna çenli tapman, eýsem köp sanly ussatlyk sapaklarynda we oýun meýdançalarynda wagtlaryny şadyýan geçirdiler.
“Kids Expo” işewürlik üçin – diňe öz önümini hödürlemek üçin mümkinçilik däl, eýsem strategiki taýdan möhüm meýdança:
→ Maksatly gatnaşyjylar bilen göni aragatnaşyk: Gatnaşýanlar müňlerçe ene-atalar bilen göni habarlaşmak, pikir alyşmak we öz markasyna bolan ynamy güýçlendirmek üçin ajaýyp mümkinçilik alýarlar.
→ Hyzmatdaşlyk döretmek: Gatnaşýanlaryň sanynyň köpelmegi täze işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, tejribe alyşmaga we bilelikdäki taslamalary gözlemäge goşant goşýar.
→ Bazar derňewi: Sergi bazar meýillerine baha bermäge, bäsdeşleri öwrenmäge we ösüş üçin täze ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Aşgabatda geçirilen “Kids Expo” öz ähmiýetini we mümkinçiligini subut etdi. Onuň diňe bir ýylyň içinde täsirli ösüşi diňe bir köpçülikden gyzyklanmanyň artmagyny däl, eýsem onuň işewürlik üçin inkär edip bolmajak gymmatyny hem görkezýär. “Kids Expo 2025” – bu diňe bir san däl, bu ylham berýän we görkezýän üstünligiň taryhdyr. Munuň özi bolsa serginiň göwrüminiň ýyl saýyn artjakdygyny we hemmeler üçin has peýdaly boljakdygyny görkezýär.