Iň täze habarlar

Maýa goýumlar gelejek hakynda dialog hökmünde: “TIF 2025” Aşgabatda işewürlikde öňde baryjylary birleşdirer

27.08.2025 | 09:33 |
 Maýa goýumlar gelejek hakynda dialog hökmünde: “TIF 2025” Aşgabatda işewürlikde öňde baryjylary birleşdirer

Aşgabat, 27-nji awgust | ORIENT. 18-19-njy sentýabrda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2025) başlanmagyna az wagt galdy. Bu çäre, dünýäniň dürli künjeklerinden işewürlikde öňde baryjylary, hökümetiň wekillerini we bilermnenleri birleşdirer.

Forum eýýäm dünýäniň işewürli tarapyndan uly gyzyklanmany görkezýär: 35 ýurtdan 250-den gowrak wekiliýet, şol sanda 50 sany çykyş edijiler özleriniň gatnaşýandygyny tassykladylar. John Deere, Çalık Enerji, Daewoo E&C, Wirtgen Group и Damen Shipyards Group. ýaly iri kompaniýalar çäräniň hemaýatkärleri bolup çykyş edýärler.

“Milli mümkinçilikler, ählumumy hyzmatdaşlyk” atly şygary bilen geçiriljek forum pikirleriň hakyky taslamalara öwrüljek meýdançasy bolar. Ählumumy üýtgeşmeleriň şertlerinde Türkmenistan özara peýdaly maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikler döredip, halkara derejesindäki hyzmatdaşlyk üçin öz gapylaryny açýar.

Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar diňe soňky ykdysady özgertmeler we maýa goýum başlangyçlary bilen tanyşman, eýsem türkmen hyzmatdaşlary, şol sanda döwlet we hususy kärhanalar bilen göni aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik alarlar. Forumyň maksatnamasyna – strategiki panel çekişmeleri, maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy, B2B we B2G duşuşyklary, bilermenleriň ussatlyk sapaklaryny we medeni çäreleri öz içine alýar.

Wekiliýetler üçin hasaba alyş 2025-nji ýylyň 4-nji sentýabryna çenli açykdyr. Ýerleriň sany çäklidir, şonuň üçin guramaçylar ähli gyzyklanýan taraplary çäräniň resmi web sahypasynda mümkin boldygyndan gysga wagtda gatnaşmagyny üpjün etmegi maslahat berýärler.

Tema boýunça

Hazarüsti halkara ulag ugry — TIF-2025 forumynyň strategik ünsi

Arkadag şäheri sebitiň durnukly şähergurluşygynyň nusgasy hökmünde

Dünýäniň öňdebaryjy maýadarlary we ýolbaşçylary Aşgabatda boljak TIF-2025-de jemlenerler

Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň Maýa goýum forumy: Durnukly ösüş we hyzmatdaşlyk ugry

Foto: tif-turkmenistan.com

Şeýle hem okaň: