Türkmen talyplary hökümet talyp haky boýunça Hytaýa bilim almaga bararlar
27.08.2025 | 16:50 |26-njy awgustda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda hytaý uniwersitetlerine üstünlikli giren türkmen dalaşgärlerine resmi taýdan habarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Hytaý hökümetiniň 2025-nji ýyl üçin talyp haky maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Ol talyplara okamak, ýaşamak bilen bagly we beýleki çykdajylaryň dolulygyna tölenmegini üpjün edýär. Jemi 100 sany bilim grantynyň 95-si türkmen talyplaryna berlip, olar Hytaýda bilim almak mümkinçiliklerine eýe boldylar. Bu mümkinçilik Hytaýyň Sinzýan-Uýgur Awtonom sebiti tarapyndan berildi.
Bu çäre iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalaryň biri boldy. Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Sinzýan-Uýgur Awtonom sebitiniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde — Sinzýan Uniwersitetinde, Sinzýan Lukmançylyk uniwersitetinde, Sinzýan Maliýe we Ykdysadyýet uniwersitetinde hem-de Sinzýan Oba hojalyk uniwersitetinde bilim aljak talyplara habarnamalary hut özi gowşurdy.
Dabara Hytaýyň Ilçihanasynyň işgärleri, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri, talyplaryň ene-atalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.
Hytaýyň ilçisiniň öwüt-nesihat sözleri
Ilçi Szi Şumin çykyşynda ynsanperwer gatnaşyklarynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Ol talyplaryň biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlugyň göterijileri bolup çykyş edýändigini belledi, sebäbi ynsanperwer gatnaşyklary halklary ýakynlaşdyrmagyň iň täsirli ýoludyr.
Ilçi talyplaryň Hytaýda bilim almagy diňe bir hünär taýýarlygyny däl, eýsem hytaý dilini öwrenmäge, ýurduň baý medeniýeti we görnükli ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Munuň bolsa, onuň pikiriçe, söwda-ykdysady we energetika ugurlarynda üstünlikli ösýän gatnaşyklary has-da berkidýän möhüm goşant boljakdygyny aýtdy.
Alyş-çalyşygyň statistikasy we ähmiýeti
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurduň 9 sany ýokary okuw mekdebinde takmynan 1000 talyp, şeýle hem 10 sany orta mekdepde 5700-e golaý okuwçy hytaý dilini öwrenýär. Häzirki wagta çenli 6500-den gowrak türkmen talyby Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar, olaryň 250 töweregi bolsa döwletara ylalaşyklaryň esasynda bilim alýarlar.
Hytaýda ýokary okuw mekdepleriniň giň ulgamy hereket edýär — olaryň sany 3000-den gowrak. Times Higher Education 2025 reýtingine görä, Hytaýyň 7 sany uniwersiteti dünýäniň ilkinji 100 uniwersitetiniň hataryna girýär, 300-den gowragy bolsa 115 ýurtdaky 2000-den artyk uniwersitetiň arasynda ilkinji 500-lükde ýerleşýär.
ORIENT