Iň täze habarlar

Aşgabatda Ankara köçesiniň durky täzelener

28.08.2025 | 10:43 |
 Aşgabatda Ankara köçesiniň durky täzelener

Aşgabatda Ankara köçesiniň durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýär. Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigini yglan etdi.

Arzalar 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryna çenli ministrligiň Marketing we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginde kabul edilýär (Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 84).

Goşmaça maglumatlary 44-46-77 we 44-46-64 belgili telefonlar arkaly alyp bolýar. Bu bildiriş «Neýtral Turkmenistan» gazetinde çap edildi.

ORIENT

Foto: gunesliwatan.com

Şeýle hem okaň: