Iň täze habarlar

“Ýumşak güýjiň" uzak möhletleýin ugry: Türkmenistan medeni diplomatiýasynyň strategiýasyny kabul etdi

09.10.2025 | 01:25 |
 “Ýumşak güýjiň" uzak möhletleýin ugry: Türkmenistan medeni diplomatiýasynyň strategiýasyny kabul etdi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda” Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Şeýle uzak möhletleýin resminamanyň kabul edilmegi (27 ýyl) medeni diplomatiýanyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň sütünleriň birine öwrülýändigini, syýasy we ykdysady nukdaýnazardan üstüni ýetirip ynsanperwerleşýändigini nygtaýar

Strategiýada baý milli medeni mirasa, gadymy däp-dessurlary we ýol-ýörelgeleri, halklary jebisleşdirmek we dostluk gatnaşyklaryny berkitmek üçin güýçli gural hökmünde garalýar.

Strategiýanyň esasy maksady, milli medeni mirasy “ýumşak güýjiň” kuwwatly guralyna öwürmekden ybaratdyr. Resminama ajaýyp däp-dessurlaryň halkara derejede ykrar edilmegine, millilige ýugrulan, kämillige gönükdirilen ýol-ýörelgeleri mynasyp wagyz edilmegine, döwletleriň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gazanmaga, halklary jebisleşdirmäge we dostlaşdyrmakda medeni diplomatiýanyň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi we wise-premýere bu uzak möhletleýin taslamanyň durmuşa geçirilmegi barada degişli tabşyryklary berdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: