Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprüniň işe girizilmegine we Hazaryň kenarynda täze desgalarynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär
09.10.2025 | 00:50 |Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow 8-nji oktýabrda, çarşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda her ýylyň 3-nji noýabrynda bellenip geçilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şeýlelik-de noýabr aýynyň ilkinji günlerinde Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy geçiriler. Mundan başga-da Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler.
Şeýle hem Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Esenguly etrabynda bolsa kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suw arassalaýjy desgasy açylyp, ulanylmaga beriler.
3-4-nji noýabr aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geriljek “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara forumy möhüm waka bolar.
ORIENT