Iň täze habarlar

Türkmenistandaky EducationUSA maksatnamasy dalaşgärlere ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerine girmäge kömek edýär

25.07.2025 | 14:00 |
 Türkmenistandaky EducationUSA maksatnamasy dalaşgärlere ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerine girmäge kömek edýär

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününe we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, iňlis dilindäki edebiýatlaryň kitap sergi-ýarmarkasy geçirildi. Çäräniň çäginde EducationUSA maksatnamasynyň maslahatçysy Madina Sabirowa ABŞ-da okuwa girmäge taýýarlanýan türkmen talyplary üçin niýetlenen bilim maksatnamalary bilen tanyşdyrdy.

1

Sabirowa EducationUSA merkeziniň ABŞ-da bilim almak bilen baglanyşykly ähli meseleler boýunça – uniwersiteti saýlamakdan we talyp haky maksatnamalaryndan başlap, esse ýazmak we synaglara taýýarlanmak ýaly ugurlarda – mugt maslahatlary berýändigini belledi. Bu merkez Aşgabat şäherinde, Görogly köçesi, 48A salgysynda ýerleşýär.

Esasy başlangyçlaryň biri – ýokary synp okuwçylary üçin niýetlenen Competitive College Club (CCC) maksatnamasydyr. Bu maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar bir ýylyň dowamynda Amerikan uniwersitetlerine girmek üçin taýýarlyk görýärler, ýüzlenme resminamalaryny taýýarlamagyň we synaglardan geçmegiň strategiýasyny öwrenýärler.

2

Sabirowa özi hem on ýyl mundan ozal EducationUSA hyzmatlaryndan peýdalanyp, Günbatar Wirginiýa Uniwersitetinde bilim alandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, köp sanly türkmen talyby ABŞ-nyň MIT, Garward, Stenford we Braun ýaly öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine üstünlikli girýärler we köplenç doly talyp hakyny alýarlar.

3

Merkezde TOEFL, SAT we GRE ýaly halkara synaglaryň geçiriljek seneleri barada yzygiderli maglumat berilýär. Bu synaglar ýokary okuw mekdeplerine girmek we talyp haky maksatnamalaryna gatnaşmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Isleg bildirýänler bu synaglara taýýarlyk boýunça maslahat alyp we synaglaryň täzeliklerini öwrenip bilerler.

4

Maslahat hyzmatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti we Amerikan Geňeşleriniň goldamagynda durmuşa geçirilýän Prep for Success maksatnamasynyň çäginde welaýatlarda hem elýeterlidir.

Merkezde her hepde şahsy maslahat berilýär we talyplara Instagram sahypasy arkaly maglumatlar ýetirilýär: @EducationUSATurkmenistan Goşmaça maglumat üçin: • educationusa.state.gov • americancouncilstm.org

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: