MAX rus messenjeri App Store-da we Google Play-de ýokarky orunlary eýeledi
22.07.2025 | 16:50 |Max rus messenjeri ýerli programma dükanynda tiz wagtda öňdebaryjylygy eýeledi. ТАSS gullugynyň maglumatyna görä, 19-njy iýuldan başlap bu hyzmat App Store-daky iOS üçin niýetlenen mugt programmalaryň arasynda birinji orny eýeledi, Google Play-de bolsa umumy Android programmalar reýtinginde ikinji orna çykdy. Ol meşhurlyk boýunça Telegram we WhatsApp ýaly aragatnaşyk ägirtlerinden hem öňe geçdi.
MAX messenjeriniň döredijileri öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalandy:
• Kämilleşdirilen aragatnaşyk: Audiojaňlar internet baglanyşygy gowşak hem bolsa sözlemleri dikeldip bilýän NoLACE tehnologiýasy esasynda işleýär. Wideojaňlar hem gowşak signallarda durnukly bolýar.
• Mugt AI-kömekçisi: Integrelenen GigaChat 2.0 teksti döretmek, surat çekmek, audio ýazgylary çözüp bermek we wideo seljermek mümkinçiliklerini hödürleýär.
• Uly faýllar we pul geçirimleri: Ulanyjylar 4 GB-a çenli faýllary ugradyp bilýärler hem-de VTB we Alfa-bank arkaly tiz töleg ulgamy boýunça göni söhbetdeşlikde pul geçirimlerini amala aşyryp bilýärler.
• Hyzmat platformasy: Mini-programmalar we çatbot konstruktory işläp taýýarlaýjylara programmirlemesiz maliýe hyzmatlaryny, haryt kataloglaryny we goldaw hyzmatlaryny döretmek mümkinçiligini berýär.
2025-nji ýylyň sentýabryndan başlap, MAX Russiýada ähli täze smartfonlara öňünden gurnalar. Şeýle-de, ony “Döwlet hyzmatlary” ulgamyna integrirlemek meýilleşdirilýär. Bu bolsa, messenjeri ýaşy tassyklamak ýaly, jerimeleri tölemek we döwlet hyzmatlaryny almak üçin sanly şahsyýeti tassyklaýan şahadatnama hökmünde ulanmak mümkinçiligini döreder. Messenjer çalt ösüşi görkezýär: iýun aýynyň ahyryna çenli 1 milliondan gowrak ulanyjy hasaba alyndy, iýul aýynyň başynda bu görkeziji 2 milliondan geçdi. Diňe birnäçe hepdäniň dowamynda 14 milliondan gowrak habar iberildi we 420 müňden gowrak jaň ýerine ýetirildi. App Store-da programma 54 müňden gowrak seslenme bilen 4,2 ýyldyz baha aldy.
MAX diňe rus we belarus telefon belgili ulanyjylaryna hasaba alyş üçin açykdyr. Programmany iOS, Android, Windows, macOS we web-interfeýs arkaly ulanyp bolýar. Ol App Store, Google Play, RuStore we AppGallery arkaly ýaýradylýar.
ORIENT