Iň täze habarlar

Türkmenistanyň ilçisi Çehiýanyň DIM-niň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

21.07.2025 | 17:19 |
 Türkmenistanyň ilçisi Çehiýanyň DIM-niň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ilçi Hemra Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýirži Kozak bilen duşuşdy.

Duşuşykda 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşini goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we möhüm meseleler barada pikir alyşdylar.

Foto: austria.tmembassy.gov

Şeýle hem okaň: