Türkmenistanyň DIM-de HHR-niň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
21.07.2025 | 19:35 |Aşgabat, 2025-nji ýylyň 21-nji iýuly | ORIENT. Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Diplomat resmi taýdan ýurtdaky işiniň başlanandygyny alamatlandyrýan özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen mähirli gutlady. Ahmet Gurbanow türkmen tarapynyň hytaýly diplomata alyp barjak işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge doly taýýardygyny beýan etdi. Munuň özi bolsa netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm alamatydyr.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Olaryň umumy pikirine görä bu duşuşyklar Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky syýasy dialogy pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak üçin güýçli itergi berýär diýip, Türkmenistanyň DIM-de habar berildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň çäginde hyzmatdaşlygy giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirildi. Şol bir wagtyň özünde, energetika pudagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini nygtaýan esasy ugur hökmünde bellenildi. Şeýle hyzmatdaşlyk däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň sütünlerinden biridir.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler köp ýyllaryň dowamynda durnukly depgini we özara peýdaly häsiýeti görkezýän köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de giňeltmäge ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.
ORIENT