Apple dünýäde iň gymmat bahaly iPhone-ny çykarmaga taýýarlanýar
19.07.2025 | 10:12 |Apple, bahasy 1800-2000 dollar aralygyndaky eplenilýän iPhone modelini çykaryp biler diýip, UBS maýa goýum bankynyň derňewçilerine salgylanyp, Tengrinews.kz habar berýär.
Bu kompaniýanyň taryhynda iň gymmat bahaly iPhone modeli bolar. Ol hatda başlangyç bahasy 1599 dollar bolan MacBook Pro-dan hem gymmatlydyr. Täze enjam barada nämeler belli?
UBS maglumatlaryna görä, eplenilýän iPhone başlangyç bahasy 1199 dollar bolan iPhone 15 Pro Max ýaly häzirki wagt öňdebaryjy modellerinden hem gymmatly bolar. Şeýlelikde, Apple Samsung eplenilýän flagmanlarynyň täze hyrh derejesine çykýar: Galaxy Z Fold 7 modeliniň ABŞ-da bahasy 1999 dollardan başlaýar.
Içerki çeşmeler enjamyň mümkin bolan galyňlygy baradaky maglumatlar bilen hem paýlaşdylar. Weibo-da Instant Digital hytaý akkauntynyň (abunaçylary 1,4 mln möçberde) maglumatyna görä, eplenilýän iPhone-yň açylan görnüşinde galyňlygy 4,8 mm-den az bolmaz. Deňeşdirmek üçin: Galaxy Z Fold 7 modeliniňki 4,2 mm.
Ozal derňewçi Min-Çi Kuo iPhone-yň açylan görnüşindäki galyňlygy bary-ýogy 4,5 mm bolup biljegini aýtdy. Emma soňky maglumatlara görä, Apple bu görkezijä ýetip bilmez.
Haçana garaşmaly?
Kuonyň maglumatlaryna laýyklykda, köpçülikleýin önümçiligi 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda başlar. Enjamyň tanyşdyrylyşy eýýäm 2026-njy ýylda bolup biler.
Eplenilýän iPhone-yň garaşylýan aýratynlyklary:
Eplenilýän ýeri görünmeýän 7,8 dýuýmlik içerki ekran,
3,5 dýuýmlik daşky ekran,
Iki esasy kamera,
Bir öň tarapyndaky kamera,
Touch ID funksiýaly zarýad beriji düwmesi (Face ID bolmaýar).
Apple eplenilýän enjam bazarlaryna uly gijikme bilen çykýar – Samsung şeýle modelleri 2019-njy ýyldan bäri çykarýar. Emma, belli bolşy ýaly, Kupertino şäherinde “howlukman, has gowsyny etmegi” dogry hasaplaýarlar. Başa bararmy? 2026-njy ýyl görkezer.
ORIENT