Bangkokda Heatherwick Studio tarapyndan täsin Hatai myhmanhana toplumy gurular
19.07.2025 | 17:55 |Britaniýaly Heatherwick Studio binagärlik studiýasy täze Aziýa taslamasyny – Tailandyň paýtagty Bangkokda ýerleşjek Hatai myhmanhana toplumyny hödürledi. Bu özboluşly gurluş, adaty kagyz çyrajyklaryny ýatladýan dizaýny bilen köp gatly iki binadan ybarat bolar. Toplumda iki myhmanhana ýerleşer: Six Senses we Narai Hotel.
Taslamanyň maksady – şäheriň gözýetiminde akgynly görnüş döretmekdir. Mundan başga-da, taslamada ýagyşdan goralan, ýaşyl zolakly we suwly uly jemgyýetçilik giňişligi göz öňünde tutulýar. Bu giňişlik, studiýanyň bellemegine görä, «gyzykly we gözlegden doly köçelerde ýaşaýşy höweslendirmäge» gönükdirilendir. Studiýa taslamanyň Tailandyň baý medeni we taryhy mirasy bilen çuňňur baglanyşykda bolmagyny göz öňünde tutýar, sebäbi olaryň pikiriçe, bu häsiýetler Bangkogyň köp sanly häzirki zaman binalarynda ýetmezçilik edýär.
Hatai taslamasy Bangkogyň taryhy merkezi bolan Silom etrabynda 10 500 inedördül metrden gowrak meýdany eýelär. Toplumda 300 myhmanhana otagy we giň infrastruktura ýerleşer: baýramçylyk zaly, saglygy dikeldiş merkezi we maslahat zallary. Binalar agşam wagtlary täsirli ýagtylyk bilen ýagtylandyrylar ýaly taslanypdyr.
Iki binanyň aşagynda 5200 inedördül metr meýdany eýeleýän bütewi jemgyýetçilik giňişligi ýerleşer, ol ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleri bolar. Binagärler bu ýeri «köpçülikleýin oba» hökmünde göz öňünde tutýarlar. Ol ýerde açyk bazar, çagalar bagy, çäreler üçin meýdança we ýerli ösümlikler bilen bezelen meýdan bolar.
Hatai toplumynyň 2028-nji ýylda açylmagyna garaşylýar. Bu taslama, Aziýada Heatherwick Studio tarapyndan durmuşa geçirilen üçünji özboluşly bina bolar. Mundan ozal, 2023-nji ýylda studio Tokioda Azabudai Hills taslamasyny tamamlady, 2025-nji ýylda bolsa Hytaýyň Sian şäherinde agaç görnüşindäki dikligine seýilgäh taslamasyny hödürledi.
ORIENT