Russiýaly alymlar reňk saýgarmak ukyby bozulan adamlar üçin telewizor şekillerini uýgunlaşdyrýan tehnologiýany işläp düzdiler
19.07.2025 | 16:30 |Smart Engines kompaniýasynyň hünärmenleri Russiýanyň alymlary bilen bilelikde telewizion şekilleri gaýtadan işlemek üçin özboluşly tehnologiýany döretdiler. Bu tehnologiýa hem reňk duýujylygy kadaly bolan adamlaryň, hem reňk saýgarmak ukyby (daltonizm) bozulan adamlaryň şekili rahatlyk bilen kabul etmegini üpjün edýär.
Täze tehnologiýanyň çäginde işlenip düzülen ýörite algoritmler arkaly şekil bölekleri esasan reňk saýgarmak ukyby bozulan adamlar üçin has aýdyň görünýär. Şol bir wagtyň özünde, reňkleri kadaly görýän tomaşaçylar üçin tebigy reňk öwüşgini we obýektleriň tanalmagy saklanylýar.
Dünýä boýunça takmynan 300 million adam reňk saýgarmak bilen baglanyşykly kynçylyk çekýär. Olar aýratyn reňk öwüşginlerini, esasanam smartfon, planşet we telewizor ekranlarynda tanamakda kynçylyk çekýärler. Mundan ozalky çözgütler köplenç diňe reňk düzedişine gönükdirilýärdi, bu bolsa köplenç asyl reňkleriň bozulmagyna we hatda reňk saýgarmak ukyby bozulanlar üçin hem obýektleriň tanalmagynyň kynlaşmagyna sebäp bolýardy (mysal üçin, gyzyl bägül güli benewşe reňkde görünýärdi).
Täze russiýa usuly şekliň tebigylygyny saklamaga gönükdirilendir. Ol reňk saýgarmagy bozulan adamlaryň görüş aýratynlyklarynyň modeli esasynda döredildi. Algoritmler reňk saýgarmagy bozulan tomaşaçylar üçin az aýdyň görünýän bölekleri anyklaýar we olaryň görünmesini gowulandyrýar — kontrasty ýokarlandyrýar we ýagtylyk derejesini üýtgedýär. Şeýlelikde, şekiliň asyl reňk gammasy üýtgemän galýar. Munuň netijesinde reňk saýgarmagy bozulan adamlar suratdaky esasy elementleri aýdyň görüp bilýärler, beýleki tomaşaçylar üçin bolsa reňk taýdan adaty şekliň görnüşi saklanylýar.
Täze çemeleşmäniň netijeliligi kadaly we bozulan reňk duýujylygy bolan meýletinçiler bilen geçirilen tejribede tassyklanyldy. Netijeler kadaly görýänleriň 95%-i we reňk saýgarmagy bozulanlaryň 90%-i gaýtadan işlenen şekilleriň has tebigy we asyl şekile has ýakyn görnüşde bolandygyny belländiklerini görkezdi. Bu bolsa adaty uýgunlaşdyryş tehnologiýalarynyň netijelerinden has gowudyr.
ORIENT