Türkmenistan BMG-niň Maslahatyna taýýarlyk görýär: DIM-däki brifingde LLDC3 tertibi beýän edildi
18.07.2025 | 21:50 |18-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlygyň ahyrky tapgyry boýunça brifing geçirildi. 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu çäre ýylyň iň uly halkara wakalarynyň biri boljakdygyny wada berýär.
Brifinge Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda öňde boljak bu iri çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda netijeli meýdança hökmünde çykyş etjekdigi bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow her 10 ýylda bir gezek geçirilýän çäräniň ähmiýetini nygtady. Ol bu çärä giň gerimli taýýarlygyň görülýändigine ünsi çekdi. LLDC3 dürli ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlaryny, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylaryny we wekillerini bir ýere jemlär diýip garaşylýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew öz çykyşynda gözel Awazada geçiriljek maslahatyň ählumumy derejedäki ähmiýetini ýene bir gezek nygtady.
Brifingiň dowamynda protokol-guramaçylyk meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramaçylygyň ýokary derejesini üpjün etmek üçin taýýarlyk işleriniň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek boýunça teklipler berildi.
Brifing däp bolşy ýaly “soraglar we jogaplar” bilen tamamlandy, bu ýerde gatnaşyjylar ýakyn wagtda geçiriljek maslahat barada gyzyklanýan ähli ugurlary barada düşündiriş alyp bildiler.
ORIENT