Iň täze habarlar

Döwrebap dolandyryjylar

14.07.2025 | 16:20 |
 Döwrebap dolandyryjylar

Döwlet dolandyryşynda döwlet gullukçylarynyň hünär başarnyklaryny üznüksiz kämilleşdirmek, täze bilimleri ele almak hem-de täze usullary özleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki zaman dolandyryjylary innowasiýa çalt uýgunlaşmak, sanly tehnologiýalary ulanmagy üpjün etmek ukyplaryny hem ösdürmelidirler, şeýle başarnyklar guramalaryň üstünlikli işlemegine, bäsdeşlik ukybynyň kämilleşmegine we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar, şeýle hem, güýçli depginde ösüp barýan şäherlerdäki üýtgemeleri dolandyrmak ukybyny hem üns merkezinde saklap, uýgunlaşma strategiýalaryny işläp düzmek, ýüze çykyp biläýjek töwekgelçilikleri dolandyrmagy başarmak, innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman gurallaryny hödürläp, öňdebaryjy oňyn halkara tejribäni öwrenip, ony durmuşa ornaşdyrmak döwrebap dolandyryjylara mahsus häsiýetler bolmaly.

Döwrebap dolandyryjylar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy akademiýasy tarapyndan geçirilýän «Döwlet dolandyryşynyň ussady - ýolbaşçylar» atly döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyryş ýörite taýýarlyk okuwlary dolandyryjylara strategik meýilnama düzmekde bilimlerini giňeltmäge, liderlik ukyp-başarnyklaryny, taslamalaryň dolandyryş işindäki zerur bolan başarnyklary ele almakda, şeýle hem döwlet dolandyryşyndaky hyzmatlaryň sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilişinde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik berýär. Netijede, häzirki zaman dolandyryjylar täze mümkinçiliklere açyk, üýtgeşmeleri kabul edip bilýän, öňdengörji, edaranyň işini täzeçe gurup bilýän hünärmenler bolup ýetişmeli. Şeýle hünär başarnyklaryny ösdürmek diňe bir şahsy ösüş üçin däl, eýsem tutuş edara we jemgyýet üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Hünär taýýarlygy boýunça bu maksatnama, ýokarda ady agzalan başarnyklary ösdürmäge niýetlenendir.

Döwrebap dolandyryjylar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyryş ýörite taýýarlyk okuwlarynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan degişlikdäki bäsleşikden we söhbetdeşliklerden üstünlikli geçip, diňleýji hökmünde bu okuwyň I tapgyryny Russiýa Federasyýasynyň paýtagy Moskwa şäherinde üstünlikli geçip geldi.

Maksatnamanyň ähmiýeti, bu giň döwletara hyzmatdaşlyga goşant goşmaga taýyn ýokary hünärli ýolbaşçylary taýýarlamak işinde wajyp orun tutup, döwlet işinde dolandyryşyň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga we döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Maksatnama gatnaşýan diňleýjiler döwlet gullukçylary bolup, olardan ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, salgyt edaralaryň, kanun çykaryjy edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik pudagynyň (bilim, lukmançylyk we medeniýet edaralary ş.m.) hem-de ykdysadyýetiň jemgyýetçilik böleginiň wekilleridir. Okuwlaryň dowamlylygy 6 aý bolup, olar 5 tapgyrdan ybaratdyr. Okuwlaryň 4 tapgyry ýerinde, ýagny Russiýa Federasiýasynyň dürli şäherlerinde geçirilip, 1 tapgyry bolsa, uzak aralykdan wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Okuwy tamamlanandan soň, synaglardan üstünlikli geçen diňleýjilere hünär taýýarlygy boýunça diplom gowşurylýar.

Meýilleşdirilen her tapgyr döwlet pudagynda ýolbaşçylygyň möhüm ugurlaryny öz içine alýar, ýagny: ýolbaşçynyň şahsy netijeliligi, sanly dünýäniň global ösüş tendensiýalary we täze dolandyryş usullary, döwlet pudagynda häzirki zaman dolandyryş tehnologiýalary, uly şäherlerde dolandyryşdaky innowasiýalar, liderlik potensialyny ösdürmek. Maksatnamada köp milletli toparlarda ýolbaşçylyk häsiýetlerini we başarnyklaryny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Ýokarda agzalyp geçen okuw, maňa halkara derejesinde dürli medeniýetleriň wekilleri bilen netijeli aragatnaşygy saklamagyň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmekligiň inçe tärlerini ele almaga mümkinçilik berýär.

Hünär ýokarlandyryş okuwlarda döwlet edaralarynyň düzümi we olaryň wezipeleri, döwlet gullugynyň ýörelgesi, wagty tygşytly ulanmak ýa-da wagty dolandyrmak, işewür etikasy, emeli intellekt, köpçüligiň öňünde çykyş etmek ukyplary we halkara protokoly ýaly ugurlar boýunça giň gerimli maslahat okuwlary hem geçirildi.

Rus akademiýasy tarapyndan geçirilen hünär ýokarlandyryş okuwlar diňleýjilere döwrebap bilim almaga mümkinçilikleri döredip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy, ondan başga-da dolandyryş ulgamynyň ösüşine we döwrebaplaşmasyna ýardam berer.

Myrat Saryýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: