Iň täze habarlar

Apple Music: onýyllygyň iň köp diňlenen 500 aýdymy

13.07.2025 | 13:00 |
 Apple Music: onýyllygyň iň köp diňlenen 500 aýdymy

Apple Music soňky on ýylyň dowamynda dünýäde iň köp diňlenen 500 aýdymy öz içine alýan global reýtingini hödürledi. Bu giň gerimli sanaw dünýäniň dürli künjegindäki diňleýjileriň esasy aýdym-saz isleglerini we tendensiýalaryny açyp görkezýär. Çartda pop we hip-hop ýaly öňdebaryjy aýdym-saz görnüşlerinden başlap, az tanalýan, ýöne müňlerçe gezek diňlenilen möhüm kompozisiýalara çenli dürli aýdymlar ýerleşdirilen.

Reýtingiň birinji basgançagynda Ed Şiranyň “Shape of You” aýdymy durýar. Ondan soňra The Weeknd-iň “Blinding Lights” we Dreýkiň “God’s Plan” aýdymy degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýeleýär.

Ilkinji bäşligi Post Malone-nyň “Sunflower” we “Rockstar” aýdymlary tamamlaýar. Sanawa şeýle hem dünýä belli hitler — Dreýkiň “One Dance”, Trewis Skottyň “Sicko Mode”, Ed Şiranyň “Perfect”, Kris Braunyň “No Guidance” we Billi Aýlişiň “Bad Guy” aýdymy girizildi. Ünsüňi çekýän başga bir zat bolsa, reýtingde ýyllar boýy meşhurlygyny ýitirmedik nusgawy aýdymlaryň hem bardygy — olaryň arasynda Meraýa Keriniň “All I Want for Christmas Is You” baýramçylyk aýdymy we “Queen” toparynyň meşhur aýdymyna öwrülen “Bohemian Rhapsody” eseri hem bar.

ORIENT

Foto: Apple Music

Şeýle hem okaň: