Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde burma şahly dag tekesiniň sanynyň köpelmegi dowam edýär.
Köýtendag goraghanasynyň ylmy bölüminiň ýolbaşçysy Şaniýaz Meňliýewiň aýtmagyna görä, geçen ýyl hünärmenler 1572 sany uly dag tekesini hasaba aldylar – bu ähli gözegçilik döwrüniň rekord görkezijisidir.
2024-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň hem gatnaşmagynda dokuz ýurduň başlangyjy bilen halkara senenamasyna täze bir sene – Halkara dag tekesiniň güni girizildi. Bu baýramçylyk her ýylyň 24-nji maýynda bellenilýär we bu seýrek haýwan görnüşini gorap saklamaga gönükdirilendir.
ORIENT