Iň täze habarlar

Hytaý dünýäde iň çalt otlynyň prototipini döretdi

12.07.2025 | 10:00 |
 Hytaý dünýäde iň çalt otlynyň prototipini döretdi

12-nji Bütindünýä ýokary tizlikli demirýol kongresinde Hytaýyň CRRC Changchun Railway Vehicles kompaniýasy täze nesil magnit asma (maglew) otlysynyň öňdebaryjy prototipi bilen tanyşdyrdy. Bu otly rekord derejesinde – sagatda 600 kilometr çenli tizligini ösdürip bilýär. Täze işläp düzülen bu tehnologiýa ýokary tizlikli otly bilen howa ulaglarynyň arasynda ýerleşýän boşlugy doldurmagy maksat edinýär.

Taslamanyň esasy aýratynlygy — iki görnüşli gibrid asma ulgamy (tigirler + magnit asma). Otly ilki bilen tigirleriň üstünde hereket edip başlaýar (150 km/s çenli), soň bolsa magnit asma ulgamyna geçýär. CRRC-niň baş inženeri Şao Nanyň bellemegine görä, bu Hytaýda ýokary geçirijilikli magnitler esasynda elektrodinamiki asma ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ilkinji maglewdir.

Täze maglew bar bolan ýokary tizlikli otlulardan 1,7 esse çalt we deňeşdirilýän aralykdaky uçar gatnawlaryndan 2 esse tygşytly, şonuň ýaly-da nol zyňyndylary üpjün edýär.

Bu otly üçin ilkinji söwda ugurlar 2030-njy ýyla çenli ulanmaga berler diýip meýilleşdirilýär. Olar Hytaýyň Pekin, Şanhaý, Guançžou we Uhan ýaly uly şäherlerini birleşdirer. Uzynlygy 500-den 1500 kilometre çenli bolan bu ugurlar ýol wagtyny 2–3 esse gysgaldar.

Bilermenleriň bellemegine görä, Hytaý demirýol tehnologiýalarynda dünýä öňdebaryjylygyny has-da güýçlendirýär. 2022-nji ýyldan bäri işlenip taýýarlanylýan bu taslama ýurduň strategiki ösüşleriniň biri hasaplanýar we orta aralykdaky howa gatnawlaryna alternatiw görnüşi hökmünde görülýär. Ýaponýada we Germaniýada meňzeş tehnologiýalar boýunça işleriň alnyp barylmagyna garamazdan, hytaý prototipi tizlik taýdan iň ýokary görkezijileri görkezýär.

ORIENT

Foto: hi-tech.mail

Şeýle hem okaň: