Iň täze habarlar

Türkmenistan Nigeriýa diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi

04.07.2025 | 20:00 |
 Türkmenistan Nigeriýa diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi

Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 17-nji sammitiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nigeriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy nigeriýa tarapyna Türkmenistan bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak teklibini beýan edýän notany gowşurdy. Şeýle hem degişli ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasy gowşuryldy.

Bu ädim, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň geografiýasyny giňeltmek we täze hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk gurmak islegini görkezýär.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: