Iň täze habarlar

YHG-nyň çäginde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary we sebit hyzmatdaşlygynda täze garaýyşlar

04.07.2025 | 19:15 |
 YHG-nyň çäginde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary we sebit hyzmatdaşlygynda täze garaýyşlar

Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 17-nji sammitine gatnaşdy. “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly şygar bilen geçirilýän sammit köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, tagallalary utgaşdyrmak we durnukly, inklýuziw we deňagramly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ylalaşylan bilelikdäki çözgütleri işläp düzmek üçin möhüm meýdança boldy.

Ministri R.Meredow öz çykyşynda 2035-nji ýyla çenli YHG-na agza ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny kesgitlemäge niýetlenen täze maksatnamalaýyn resminamanyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistan YHG-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady we birnäçe strategiki ugurlary aýratyn belledi:

Logistika we ulag: YHG-nyň netijeli ulag-logistika ugurlaryny döretmek we ulag-logistika ulgamlaryny mundan beýläk hem birleşdirmek.

Energetika: Energiýa üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we “ýaşyl” energetikany ösdürmek. Şunuň bilen baglylykda, energiýa çeşmeleriniň ygtybarly daşalmagyny üpjün etmek we sebitiň energiýa howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen YHG-na agza ýurtlaryň energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak boýunça mehanizmi döretmek mümkinçiligine garamak teklip edildi.

Söwda we maýa goýumlar: Söwdany ösdürmegiň ýollaryndaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak we maýa goýumlary çekmek şeýle hem işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklary şol sanda Söwda-senagat edaralarynyň üsti bilen işjeňleşdirmek.

Tehnologiýalar we innowasiýalar: häzirki zaman tehnologiýalar we innowasiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar: Bu gatnaşyklary işjeňleşdirilmegi, YHG-nyň sebitiniň mundan beýläk-de birleşmegi we gülläp ösmegi üçin binýady berkider diýip ynam bildirilýär.

Sammite gatnaşyjylar, netijeleriniň YHG-a agza döwletleriň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, sebiti durnukly we abadan geljege tarap alyp gitmek üçin uly goşant goşar ynam bildirdiler.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: