Iň täze habarlar

Aşgabadyň golf klubyndaky Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň doglan gününde

08.06.2025 | 18:25 |
 Aşgabadyň golf klubyndaky Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň doglan gününde

Çagalygymyzyň irki döwründe dünýä halklarynyň ertekilerini diňläp, akylly patyşalar we asylly şazadalar, hoşniýetli şa aýallary we owadan şa gyzlary ulularyň oýlap tapan hekaýalaryndaky gahrymanlardyr öýdýärdik.

Azajyk ulalanymyzdan soň, şa zenanlaryň, şazadalaryň, dofinleriň we markizleriň aslynda erteki gahrymanlary däldigini, biziň ýaly hakykatdanam janly adamlardygyny bilip geň galdyk. Şeýlelik bilen, gnoseologikiý aňlaýyş prosesinde aňymyzdaky ertekiler fiziki hakykata öwrüldi.

Onuň Alyhezretiniň doglan gününde adatça dürli ýurtlarda kabul edişlikler, konsertler we sergiler geçirilýär. Şeýle dabaralar Türkmenistanda hem geçirilýär.

2 (А) Прием (А).jpg

Şeýlelik bilen, 7-nji iýunda Aşgabatda Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň resmi doglan gününi bellemek üçin kabul edişlik geçirildi. Aslynda Onuň Onuň Alyhezretiniň hakyky doglan senesi 14-nji noýabr.

Britan patyşalygy 270 ýyldan gowrak bäri tomusda — iýun aýynyň birinji ýa-da ikinji şenbe gününde “resmi” ýagdaýda bellemek däbi bar, sebäbi ýaramaz howanyň protokol dabarasyna päsgel bermez ýaly edilýär. Bu baýramçylyk dabaraly ýagdaýda we halk köpçüliginiň gatnaşmagynda geçirilýär. Emma patyşalar we şa aýallary doglan senelerini ýagny hakyky doglan günlerini özbaşdak we ýakynlary gatnaşmagynda belläp bilerler.

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Patyşasy Karl III-niň resmi doglan gününiň hormatyna guralan Aşgabatdaky dabarada Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri, akkreditirlenen diplomatik korpusyň agzalary, işewürler toparlarynyň wekilleri, şeýle hem köpsanly dostlar ýygnandylar.

3 Гости.jpg

Garaşylyşy ýaly, dürli milletleriň we dinleriň wekilleri gatnaşdy – olar henizem Britan imperiýasynyň täjini saklaýanlar.

4 Хозяйка.jpg

Ýerli dabaranyň owadan eýesi hemmäni görüp begenýändigini görkezdi. Myhmanlar hem oňa gül desselerini sowgat edip, oňa haýran galdylar.

Ýaşyl meýdançanyň üstünde, owadan lybasly zenanlar, ýeňil kostýumly jentelmenler, janly aýdym-sazyň sesleri we iňlis naharlarynyň hoşboý ysy – hemme zat Jeýn Ostiniň romanynyň sahypalaryndan gönüden-göni çykan ýalydy.

5 (А) Музыканты На Выбор (А).jpg

Hemişe bolşy ýaly, Resul Glyjowyň orkestri ajaýyp çykyş edip, festiwala gatnaşyjylary diňe bir öz ussatlygy bilen däl-de, eýsem repertuarlarynyň dürlüligi bilen – iňlis belli meşhur sazlaryndan şol sanda, “The Beatles”, türkmen sazlaryndan başlap akademiki saz eserlerine çenli ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

6 (А) Шампанское (А).jpg

…Kabul edişligiň resmi bölüminde Beýik Britaniýanyň ilçisi Stiwen Konlonyň çykyşy üns merkezinde boldy. Ol iki ýurduň medeniýetleriniň, hususan-da, atlara bolan umumy söýgüsiniň arasyndaky ýakyn baglanyşygy nygtady. Şonuň üçin kabul edişlik at çapyşygy temasynda geçirildi:

7 Посол.jpg

“Şu günki çäräniň bezeginiň “atçylyk” temasynda bezelenini siz görüp bilerdiňiz. Munuň sebäbi, şu ýylyň esasy at çapyşyklarynyň biri şu gün Beýik Britaniýada geçirilýär – Epsom ippodromynda Derbi. Bu, her kimiň gaty owadan geýinýän we köp zenanlaryň özüne çekiji şlýapa geýýän wakasy” – diýip Ilçi aýtdy.

8 Куча тёток.jpg

Hakykatdanam, Aşgabadyň golf kluby şol gün ajaýyp lybaslardan, şeýle hem ýaramaz howadan goramak üçin däl-de, bezeg üçin has köp niýetlenen çylşyrymly başatgyçlardan dolydy.

Olaryň arasynda şeýle bir köpdi welin, gurnaýjylaryň şlýapa we beýleki egin-eşik önümleri bäsleşigini gurnamagynyň wagty geldi.

9 (А) Шляпочка (А).jpg

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerini jemläp, diplomat mart aýynda Londonda geçirilen Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň 8-nji mejlisi barada belledi. Onuň çäginde Türkmenistan ministrlikleriniň wekilleri bilen britan kompaniýalarynyň we uniwersitetleriniň arasynda öňjeýli duşuşyklar geçirilipdi. Indiki mejlisi Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.

Çykyşda bilim, döredijilik ykdysadyýetini ösdürmek we daşky gurşawy goramak pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Soňky başlangyçlaryň hatyrynda – Aşgabatda “Türkmenistanyň döredijilik we innowasiýa ykdysadyýeti” atly halkara forumynyň geçirilmegini, täzeden dikeldilýän oba hojalygy barada dokumental filmiň görkezilmegini we Balkan welaýatynda pars gaplaňynyň “BBC Nature” teleýaýlymy tarapyndan surata düşürilmegini bar.

Ilçi, şeýle hem britan uniwersitetleriniň dil we akademiki alyş-çalyş işlerine işjeň gatnaşýandygyny belläp, olaryň biriniň Aşgabatda wekilhana açjakdygyna umyt bildirdi.

10. Музыканты задумались.jpg

…Stiwen Konlonyň çykyşy ýygnananlar üçin şeýle bir gyzyklydy welin, hatda şol gün tomaşaçylary gyzyklandyran sazandalaram çuňňur pikirlenip başladylar.

Sözüniň ahyrynda, Ilçi diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri 33-nji ýyldan gowrak wagtyň dowamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelerine syn berdi (1992-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýuldy).

“Soňky sekiz aý many mazmuna diýseň baý boldy, biz gatnaşyklarymyzy ösdürmegimizi dowam ederis. Bu, meniň ýurdumyň ýolbaşçylyklarynyň aýdyň maksady. Türkmen tarapynyň hem gatnaşyklary çuňlaşdyrmak isleýändikerini biz görýäris. Hyzmatdaşlarymyza asylly işlerinde üstünlik arzuw edýärin” – diýip, Ilçi çykyşyny jemledi.

11. Гелдимырадов.jpg

Jogap çykyşy bilen wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow çykyş etdi, ol Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Onuň Alyhezretini we Beýik Britaniýanyň halkyny mähirli gutlady hem-de bu senäniň dowamlylygyň, däp-dessurlaryň güýji we milletiň bitewiligi nyşany hökmünde ähmiýetini belläp geçdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Patyşa Karl III-iň paýhasly ýolbaşçylygynda, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarlylygy we daşky gurşawy alada etmek boýunça nusgalyk işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Wise-premýer ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçip, “soňky ýyllarda ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalarynda dialogymyz yzygiderli ösdirilýär” diýip aýtdy.

Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň işewür gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýumlaryny çekmek we bilelikdäki anyk taslamalary durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän işine aýratyn üns berildi.

12 Слушают.jpg

Geldimyradow geňeşiň yzygiderli mejlisleriniň ähmiýetini nygtady we türkmen tarapynyň, esasanam energetika, gurluşyk, logistika, sanlaşdyrma we agrosenagat toplumy ýaly ugurlara mundan beýläk hem gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň howanyň gün tertibini, ýaşyl tehnologiýalary we medeni alyş-çalşygyny ösdürmekdäki ornuna ýokary baha berýändigini, şeýle hem ýurduň Patyşanyň ekologiýa başlangyçlaryna we ýaş liderlere goldaw berýändigine ünsi çekdi. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň milli derejede ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýän ugurlardyr.

Söwda, maýa goýumlary, bilim, saglygy goraýyş we ylym pudagynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ynam bildirilip, syýasy durnuklylygyň we birek-birege hormat goýmagyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary çykyşynyň ahyrynda “Onuň Alyhezreti Patyşa Karl III-e saglyk, uzak ömür we abadançylyk, Beýik Britaniýanyň halkyna parahatçylyk, ylalaşyk we abadançylyk arzuw etdi.

13 Внимают.jpg

…Patyşanyň doglan güni diňe bir dabaraly ýörişler we hoşniýetli arzuwlar üçin sebäp bolman, eýsem monarhiýa institutynyň ýurduň taryhynda eýelän ornuny ýada salmak üçin hem pursatdyr.

Britan patyşalygy – dünýädäki iň gadymylaryň biridir. Onuň kökleri orta asyrlara degişlidir, şol döwürlerde hem patyşalar absolýut häkimýete eýe bolupdyrlar. Emma wagtyň geçmegi bilen şa häkimiýeti ösdi. Häzirki wagtda, esasan, wekilçilikli we simwoliki häsiýete eýedir edýär.

Patyşa – syýasatçy däl, kanun çykaryjy we hökümet başlygy däl. Ýöne ol nesilleriň arasyndaky janly baglanyşyk, milli jebisligiň we durnuklylygyň nyşany, däp-dessurlary we ahlaklygy saklaýar. Bu häzirki zaman monarhyň aýratyn, inçe, ýöne möhüm orny.

Britaniýanyň taryhynda patyşalygyň orny täzeden gözden geçirilende köp öwrülişik boldy. Şeýlelik bilen, 1688-nji ýyldaky meşhur “Şöhratly ynkylapdan” soň, patyşalaryň güýji parlamentiň peýdasyna çäklendirildi we konstitusiýa patyşalygyň döremegi – patyşa höküm sürýär, ýöne dolandyrmaýar – dolandyryş görnüşi başlandy.

Patyşa (ýa-da şa aýal) kanunlary resmi taýdan tassyklaýar we premýer-ministri belleýär, ýöne muny diňe parlamentiň maslahaty bilen edýär. Bu konstitusion patyşalygyň özeni.

Şeýle-de bolsa, üýtgeýän dünýäde-de britan patyşalary möhüm şahsyýet bolup galdylar. Uruşlar döwründe milletiň ahlah ruhyny goldadylar, çögünlik döwründe goldaw beriji güýç bolup hyzmat etdiler we şahsy göreldeleri bilen ruhlandyrdylar. Muňa mysallaryň biri – şa zenan Ýelizaweta II-iň, tagtdaky uzak we abraýly ýoly millionlarça adamyň ýüreginde çuňňur yz galdyrdy.

14 Карл.jpg

Karl III ejesi Ýelizaweta II aradan ,çykandan soň 2022-nji ýylda patyşa boldy. Onuň dolandyrýan döwri – täze kynçylyklaryň, şeýle hem täze mümkinçilikleriň döwri. Daşky gurşawy goramagyň, medeniýetleriň arasyndaky dialogy we durnukly ösüşiň güýçli tarapdary hökmünde Patyşa XXI asyr üçin häzirki zaman häsiýetini berip, halka hyzmat etmek däbini dowam etdirýär.

Karl II – häzirki zaman monarhy: ol dialoga açyk, jemgyýetçilik bähbitlerine ymtylýar we şol wagtyň özünde britan täjiniň özboluşly mirasyny aýawly gorap saklaýar. Onuň ýolbaşçylygynda monarhiýa geçmişi, häzirki döwri we geljegi birleşdirip, britan meňzeşliginiň möhüm bir bölegi bolup galýar.

Köp sanly britaniýalylar üçin şa maşgalasy – bu diňe döwlet gurluşynyň bir bölegi däl, eýsem medeni we şahsy taryhynyň hem bir bölegi bolup durýar. Bular markalarda we teňňelerde, baýramçylyklarda we dabaralarda şekiller, buýsanç we gatnaşmak duýgusy. Dünýäniň galan ýerleri üçin bolsa – bu Beýik Britaniýanyň, ýumşak güýç we aristokratiki jadyldyryşyň ykrar edilip bilinýän nyşanydyr.

15 Разные люди.jpg

Karl III hakda gyzykly maglumatlar

  1. Iň ýaşy uly täze patyşa. Karl III 73 ýaşynda tagta çykdy – bu, britan patyşalygynyň döräninden bari tagta geçen patyşalaradan ulydyr.

  2. “Iň sabyrly” mirasdüşer. Ol 70 ýyldan gowrak wagt tagtyň mirasdüşeri boldy – bu, britan taryhynda rekord derejesindäki möhletdir.

  3. Ekolog – bu käriň meşhur bolmazdan ozal. 1970-nji ýyllarda Karl tebigaty goramak, durnukly oba hojalygy we organiki önümler barada çykyş edýär. Ol howanyň üýtgemegi barada ilkinji bolup, jemgyýetçilik şahsyýeti hökmünde çykyş etdi – bu mesele barada, entäk syýasatçylar we meşhur adamlar çykyş etmändi.

  4. Arhitektura we organiki oba hojalygy – onuň hyjuwy. Ol “Duchy Home Farm” fermasyny döretdi we taryhy ýädigärlikleri goramaklygyň tarapdary bolup işjeň çykyş edýär.

  5. Bilimli we köptaraply. Karl III uniwersitet diplomyna eýe (Kembridž) ilkinji mirasdar şahzadasy boldy, şeýle-de arheologiýa, antropologiýa we taryh bilimlerini öwrendi. Ol diňe iňlis dilinde gürlemän eýsem fransuz, nemes we uels dillerini hem gowy bilýär.

  6. Ol teatrda çykyş etdi we telewideniýada surata düşdi. Karl ýaşlygynda, talyp spektakllaryna çykyş etdi we hatda “Coronation Street” teleserialyna öz keşbine ses hem berdi.

  7. Çeperçilik ruhly patyşa. Karl akwarel önümleri bilen gyzyklanýar we özi pejzažlary çekýär. Onuň işleriniň käbirleri galereýalarda görkezildi we haýyr-sahawat üçin suratlary satyldy.

  8. Gündogar bilen dostluk. Karl birnäçe gezek yslam, gündogar filosofiýasy we medeniýeti bilen gyzyklanýandygyny mälim etdi, bu bolsa Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa ýurtlarynda hormat gazanmagyna sebäp boldy.

  9. Onuň Bukingem köşgünde baly bar. Karl köşgüň baglarynda arylary ornaşdyrdy we indi köşkde öndürilen bal, kabul edişliklerde we haýyr-sahawat çärelerinde ulanylýar.

  10. Gepleşigiň häzirki zaman usuly. Onuň 2023-nji ýyldaky täç geýdirmek dabarasy, internetde we sosial media ulgamlarynda, şol sanda “YouTube” we “TikTok”-da giňden ýaýlyma berilen ilkinji şunuň ýaly wakanyň biri boldy. Patyşalyga girişinden soň, ol sanly ulgamlary öz başlangyçlaryny we gowy işlerini öňe sürmek üçin işjeň peýdalanmaga başlady.

16 Девушка-цветы.jpg

… Ertekilerde elmydama hoşniýetli işler dabaralandyrylýar, gahrymanlar bolsa ähli synaglary ýeňip geçip, uzak we bagtly ýaşaýarlar. Aşgabadyň golf klubundaky agşam hut şeýle duýgular bilen dolduryldy. Sebäp – hakykatdanam ertekä meňzeýän bir wakadyň bolmagy: Onuň Alyhezreti Patyşa Karl III-niň doglan güni.

аа ааа.jpg

Orkestriň ýerine ýetiren janly sazlaryň astynda, dabaranyň sebäpkäriniň şanyna aýdylar gutlaglar we myhmanlaryň ýylgyryşlary bilen baýramçylygyň ahyrlandygyny gatnaşyjylaryň ählisi diýen ýaly duýman galdy.

Siziň bilen birlikde ol hakda ýatlady –

Bekdurdy AMANSARYÝEW

17 Фотограф.jpg

18 Телефон.jpg

Foto: awtordan

Şeýle hem okaň: