Türkmenistanyň ýaşaýjylary Daşkentde Jennifer Lopesiň konsertine nädip baryp bilerler?
23.06.2025 | 11:00 |Şu tomus Türkmenistanyň ýaşaýjylary sebitde iň garaşylýan wakalaryň biri bolan Daşkentde dünýä belli aýdymçy Jennifer Lopesiň konsertiniň şaýady bolup bilerler. Çykyş 7-nji awgustda bolar we ýyldyzyň muşdaklary üçin hakyky baýramçylyga öwrüler.
Konserte nädip baryp bolar?
Guramaçy – Le.Travel syýahatçylyk agentligi üç güne meýilleşdirilen taýyn syýahat maksatnamasyny hödürleýär:
6-njy awgust – Afrosiyob ýokary tizlikli otlyda Buharadan Daşkende geçiş;
7-nji awgust – Daşkendiň ýadygärliklerine ekskursiýa we Jennifer Lopesiň agşamky konserti;
8-nji awgust – Buhara gaýdyp gelmek.
Syýahat maksatnamasy özünde syýahatçylygy, medeniýeti we aýdym-sazy jemleýär.
Wajyp: ýerler çäkli, bu sebäpli syýahatçylyk agentligi ähli isleg bildirýänlere ýerleri öňünden sargyt etmegi maslahat berýär.
Syýahata gatnaşmak we guramaçylyk bilen baglanyşykly ähli soraglar bilen Le.Travel syýahatçylyk agentligine ýüz tutup bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin
Telefon belgisi: (+99365)98-34-34
Sosial ulgamlar
Tik-tok: @le._travel.tm
Instagram: @le.travel.tm
ORIENT