Türkmenistan dialogyň çygrynda: MA bilen Hytaýyň arasyndaky media hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry
22.06.2025 | 13:05 |Astana, 22-nji iýun | ORIENT. Şu gün Astanada “Hytaý-Merkezi Aziýa” maglumat agentlikleriniň forumy geçirildi. Bu çäre sebitiň öňdebaryjy maglumat çeşmeleriniň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Gatnaşanlar “Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny döretmek üçin KHBS-niň integrasiýasy we tejribe toplamak” atly tema boýunça çuňňur pikir alyşdylar.
Habar agentliginiň ýolbaşçylarynyň forumy Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen Merkezi Aziýa - Hytaý sammitinden birnäçe gün soň çagyryldy we Hytaýyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary tarapyndan sammitde beýan edilen başlangyçlary öňe sürmek üçin umumy strategiýany işläp düzmegi maksat edinýär.
Baş direktor Fu Huanyň ýolbaşçylygynda Sinhua habarlar agentligi forumy guramakda we geçirmekde möhüm orny eýeledi oýnady ýagny ol duşuşygy çykyşy bilen açdy. Baş direktor sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky maglumat gatnaşyklarynyň halkara aragatnaşygynyň täze görnüşiniň emele gelmeginde we umumy gelejek düşünjesini wagyz etmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Gatnaşanlaryň arasynda şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradio toplumynyň direktory Rauşan Karibaýewa, Gyrgyzystanyň “Kabar” döwlet habarlar agentliginiň baş direktory Mederbek Şermetaliýew, Täjigistanyň “Howar” milli habarlar agentliginiň direktory Subhiddin Şamsiddinzoda, Özbegistanyň döwlet habarlar agentliginiň baş direktory Abdusaid Kuçimow dagylar bar. Diaologyň işine MEDIA TURKMEN habarlar agentliginiň baş direktory Bekdurdy Amansaryýew işjeň gatnaşyp, media çeşmelerini we ýörelgelerini birleşdirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyry üçin garaýyşlary beýän etdi.
Taraplaryň nygtaýşy ýaly, dünýäniň çalt we çuňňur üýtgeýän şeýle hem çylşyrymly halkara ýagdaýlaryň şertlerinde Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň KHBS-niň alyş-çalyşlary giňeltmegi, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy, tagallary birleşdirmegi we hereketleri utgaşdyrmagy, halkara adalatlylygy we deňligi öňe sürmegini we ählumumy dolandyryşy has adalatly we dogry ugra gönükdirmegini hökmany ýagdaýda dowam etdirmelidirler.
Media ynanyşmagyň we parahatçylygyň köprüsi hökmünde: Türkmenistanyň garaýyşlary
Bekdurdy Amansaryýew öz çykyşynda häzirki forumyň diňe bir pikir alyşmak däldigini belledi. Bu ýer birek-birege hormat goýmaga, aç-açanlyga we sazlaşyk ýörelgelerine esaslanýan tutuş sebitiň media ulgamyndaky geljeginiň emele gelýän giňişligidir. Ol Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ykdysadyýetden medeniýete, ulagdan energetika çenli ähli ugurlarda durnukly ösüşi görkezýändigini aýtdy.
MEDIA TURKMEN-iň ýolbaşçysy häzirki zaman KHBS-niň öňünde durýan wezipelere aýratyn üns berdi. Sanly özgerişleriň şertlerinde maglumat esasy çeşmeleriň birine öwrülende köpçülikleýin habar beriş serişdeleri agzalalygyň däl-de, halk arasynda ygtybarly köpri we ynanyşmagyň çeşmesi bolmalydyr. Onuň sözlerine görä, maglumat hyzmatdaşlygy oňyn gün tertibini düzmek, sebitde özara düşünişmegi we jebisleşmegi pugtalandyrmak üçin strategiki gurala öwrülýär.
Amansaryýew, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge hemişe ygrarlydygyny nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan bu parahatçylygy goraýyş media syýasaty maglumatlaryň adalatlylygy we obýektiwligi baradaky ählumumy talaplara doly laýyk gelýär. Bu nukdaýnazardan ol HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň “adamzady birleşdirýän oňyn energetikany we sesleri güýçlendirmek” zerurlygy barada we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyna deňhukukly gatnaşyklaryň we bilelikdäki ösüşiň üstünlikli nusgasy hökmünde ýokary baha berip aýdan sözlerine salgylandy.
Integrasiýa üçin anyk ädimler: Türkmenistanyň başlangyçlary
Umumy maksatlary anyk hereketlere öwürmek maksady bilen türkmen tarapy maglumat giňişliginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürýär:
• Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gatnaşmagynda umumy köp dilli meýdançany döretmek. Bu meýdança, dil päsgelçiliklerini ýeňip geçýän maglumatlaryň ýeke-täk nokadyna öwrülmegi maksat edinýär.
• Wizual we tekst materiallaryny, şeýle hem arhiwlere girmek ýaly maglumatlary paýlaşmak programmalaryny durmuşa durmuşa geçirmek. Bu mazmuny has çuňňur we has giňişleýin alyşmaga mümkinçilik berer.
• Sanly žurnalistikada metbugat sowatlylygy we etika boýunça bilelikdäki başlangyçlary işe girizmek. Maglumatyň agdyklyk edýän şertlerinde diňleýjileriň arasynda tankydy pikirlenmäni ösdürmek we anyk, ygtybarly maglumatlaryň ýaýramagyna ýardam bermek örän möhümdir.
• Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň KHBS-niň wekilleri üçin tematik sergileri, festiwallary we döredijilik bäsleşiklerini geçirmek. Şeýle çäreler diňe bir hünär taýdan ösmegi üpjün etmän, eýsem medeni alyş-çalyşa hem mümkinçilik döredýär.
Esasy teklipleriň biri hökmünde Sebitleýin media hyzmatdaşlyk merkezini döretmek başlangyjy beýan edildi. Şeýle gurluş serhetara taslamalary işe girizmak, hünärmenleri taýýarlamak, mazmuny utgaşdyrmak we maglumat giňişliginde umumy standartlary işläp düzmek üçin utgaşdyryjy meýdança bolup hyzmat edip biler.
Bekdurdy Amansaryýew bu çemeleşmäniň diňe bir tehniki ösüş däldigini, eýsem halklaryň arasynda dialogyň geljegine goýulýan maýa goýumdygyny aýratyn nygtady. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine salgylanyp, “türkmen-hytaý gatnaşyklary mundan beýläk hem parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we döwletlerimiziň abadançylygynyň bähbidine sazlaşykly ösmegini dowam eder” diýip belledi.
Çykyşynyň ahyrynda, MEDIA TURKMEN-niň ýolbaşçysy parahatçylyk, döredijilik we ak ýürekden dostluk ýörelgelerine esaslanýan köpçülikleıin habar beriş serişdeleriniň hyzmatdaşlygy, sebit gatnaşyklarynyň ähli arhitekturasy üçin berk binýada öwrüljekdigine ynam bildirdi.
MEDIA TURKMEN habarlar agentliginiň ORIENT web sahypasynyň: “Biz ýakynlaşmagy ugur edinýäris” – diýen şygary bar. Bu şygar “Biziň güýjümiz – bitewilikde!» diýen pikir bilen utgaşýar. Bekdurdy Amansaryýewiň sözlerine görä, bu ýörelgeler maglumat çagyryşlaryna garşy bilelikde üstünlik gazanmagyň hem-de dünýäde çalt ösýän sebit hakynda ygtybarly we deňagramly maglumat bermegiň esasyny düzýär.
“Hytaý — Merkezi Aziýa” habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň birinji forumy 2023-nji ýylyň maý aýynda, Pekinde geçirildi. Bu taryhy çäre Hytaýyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sian şäherinde geçirilen sammitinden birnäçe gün soň geçirildi.