Iň täze habarlar

Gazagystan we Azerbaýjan INMerge Almaty forumynda innowasion gatnaşyklary pugtalandyrýarlar

20.06.2025 | 18:29 |
 Gazagystan we Azerbaýjan INMerge Almaty forumynda innowasion gatnaşyklary pugtalandyrýarlar

Gazagystan we Azerbaýjan ilkinji gezek innowasiýalaryň we tehnologik telekeçiligiň ösmegine gönükdirilen bilelikdäki INMerge Almaty forumyny geçirdiler. Bu forumyň esasy netijesi hökmünde Gazagystanyň Al-Farabi Innovation Hub bilen Azerbaýjanyň SABAH.HUB merkezleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň gol çekilmegi boldy.

Bu resminama startaplaryň halkara bazarlaryna, aýratyn-da Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika (MENA) sebitlerine çykmagyny goldamak, şeýle hem bilelikdäki intensiw we okuw maksatnamalaryny ösdürmek maksadyny göz öňünde tutýar. Forum iki ýurduň innowasion ekoulgamlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine we tejribe alyşmagyna giň mümkinçilik döretdi.

1

Çäräniň möhüm bölegi hökmünde iň gowy 10 sany gazak startapy INMerge Innovation Summit 2025 maslahatynyñ jemleýji tapgyryna çykmak we baş baýrak — $30 000 gazanmak üçin bäsleşdiler. Bu bäsleşigiň ýeňijisi, myhmanhanalar üçin niýetlenen sanly konsýerž hyzmaty bolan Porte Tech taslamasy boldy.

Foruma 100-den gowrak gatnaşyjy gatnaşyp, iki ýurduň adam maýasynyň ösüşindäki meňzeş meselelerine ünsi çekdi. Gazagystan bilen Azerbaýjanyň medeniýet we taryh arkaly birleşýän hyzmatdaşlygy, sebitleýin startaplar üçin täze mümkinçilikleri açýar.

ORIENT

Foto: Astana Hub

Şeýle hem okaň: