Iň täze habarlar

Astanada "Merkezi Aziýa-Italiýa" formatyndaky ilkinji sammit başlanýar

30.05.2025 | 10:00 |
 Astanada "Merkezi Aziýa-Italiýa" formatyndaky ilkinji sammit başlanýar

Şu gün, 30-njy maýda Gazagystanyñ paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwlet baştutanlarynuñ we Italiýanyñ premýer-ministri Jorj Meloniniñ gatnaşmagynda ilkinji sammit açylýar. Şol günüñ özünde Italiýanyñ hökümet baştutanynyñ Gazagystana resmi sapary başlanýar.

Duşuşyga Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ Prezidentleri gatnaşýar. Sammit syýasy dialogy pugtalandyrmaga, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giñeltmäge, şeýle hem sebitiñ ýurtlarynyñ Italiýa bilen arasyndaky özara gatnaşygyñ ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

"Merkezi Aziýa+" formatyndaky duşuşyklar sebitiñ daşyndaky hyzmatdaşlar bilen dialog üçin durnukly platforma öwrüldi. Şeýle sammitler eýýäm Hytaýyn, Russiýanyñ, ABŞ-niñ, Ýewropa Bileleşiginiñ we beýleki ýurtlaryñ gatnaşmagynda döwlet baştutanlaryñ derejesinde geçirildi. Şu ýyl Astanada hem "Merkezi Aziýa-Hytaý", güýzde bolsa Duşenbe şäherinde "Merkezi Aziýa-Russiýa" sammitleriniñ geçirilmegine garaşylýar.

Italýan tarapy Merkezi Aziýa sebitine energetika, logistika, infrastruktura we global çagyryşlara garşy göreş meselelerinde möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. Şu günki sammitiñ netijeleri boýunça köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki resminamalaryñ gol çekilmegine garaşylýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: