Kerwenlerden ulag geçelgelerine ýa-da HHR-niň Merkezi Aziýa we Türkmenistan bilen söwdadaky orny
27.05.2025 | 13:29 |Bir wagtlar, müňlerçe ýyl ozal ýüpek önümleri, melhemler, gymmat bahaly zatlar bilen ilkinji kerwenler Aziýanyň ýaýlyp giň ýerlerinden geçipdirler. Şeýlelik bilen, Beýik Ýüpek ýoly Gündogary we Günbatary ýakynlaşdyryp, çatryklary janlandyryp, özbolyşly söwda, medeniýet we diplomatiýa ulgamyny döredipdiler.
Bu ugurlar, häzirki Türkmenistanyň çäginden hem geçipdir — bu ýurt, medeniýetleriň arasyndaky üstaşyr geçelgäni üpjün etmekde taryhy taýdan möhüm orny eýeläpdir.
Häzirki XXI asyrda, gadymy söwda däpleriniň mirasdüşeri bolan Hytaý bu pikirini ählumumy derejesinde täze bir röwşde dikeldip, ykdysady aragatnaşyklary täzeden gurýar. Diňe häzir kerwenleriň ýerine ýokary tizlikli demir ýollar, turbageçirijiler we sanly geçelgeler bar. Kerwensaraýlaryň we oazis şäherleriniň ýerine – häzirki zaman logistika merkezleri we senagat zolaklary döredildi.
Emma häzirki döwürde-de Türkmenistan bu ýollaryň çatrygynda özüni gadymy döwürlerde bolşy ýaly bu taryhy işiň möhüm baglanyşygynyň biri bolamgynda galýar.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda Hytaý dünýäniň iň uly ykdysady merkezleriniň birine, ählumumy ykdysady hereketlendirijisine we dürli yklymlardaky onlarça ýurduň iň uly söwda hyzmatdaşyna öwrüldi.
Hytaý Halk Respublikasy haryt söwdasy boýunça birinji orunda, jemi içerki önüm boýunça ikinji ýerde durýar, şeýle hem Ýewropada, Aziýada we Afrikada infrastruktura taslamalaryna esasy maýa goýujylaryň biridir.
…Pekiniň resmi halkara strategiýasynyň özeninde yklymlaryň arasynda ulag, energetika, sanly we maliýe infrastrukturasyny dikeltmäge we ösdürmäge gönükdirilen “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy (Belt and Road Initiative, BRI) durýar. Ol 150-den gowrak ýurdy öz içine alýar we gündogar ýüzi bilen ählumumylaşmagyň täze tapgyrynyň nyşanyna öwrülýär.
Käbir adamlar muňa begenýärler, ýöne ondan gorkýanlaram bar. Şol sebäpden, bu Hytaýyň başlangyjynyň kem-kemden tutuş dünýäni gurşap almaklyk howpy bolan “ýumşak güýç” bolandygyny öňe sürýärler.
Şeýle-de bolsa, HHR-niň Başlygy Si Szinpin 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Pekinde geçirilen ýokary derejeli forumda şeýle belläp geçdi:
“Guşak we ýol” geosyýasy gural däl, bilelikdäki ösüş we özara bähbit üçin meýdançadyr. Biz açyk we birek-birege bagly Ýewraziýany gurmaga çalyşýarys”.
Özboluşly geografiki ýerleşişi bilen Merkezi Aziýa, Hytaýy Günorta Aziýa, Ýastakyn Gündogar we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan möhüm baglanşyk bolan “Guşak we ýol” gury böleginde möhüm baglanyşyga öwrülýär.
Başgaça aýdylanda, Hytaý üçin Ýewraziýanyň ähli açary Merkezi Aziýadyr. Şonuň üçin Hytaý sebitdäki ähli ýurtlar bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
HHR-niň Daşary işler ministri Wan I 2023-nji ýylda Astanada eden çykyşynda şeýle belledi:
“Merkezi Aziýa – bu diňe bir Hytaýyň goňşulary däl, olar umumy ykbal jemgyýetini gurmakda esasy hyzmatdaşlar. Energetika, ulag, ýaşyl ykdysadyýet – biz bu ýerde uly mümkinçilikleri görýäris”.
Möhüm ugur – Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan - Eýran ýa-da Hytaý-Merkezi Aziýa-Hazar-Günorta Kawkaz-Ýewropa ýaly yklymara gury ýer geçelgelerini döretmekdir.
…Türkmenistan barada aýdylanda bolsa, strategiki taýdan eýeleýän orny we energetika mümkinçiligi bilen bu ýurt Hytaýyň söwda syýasatynda we ykdysady diplomatiýasynda aýratyn orun tutýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň ýanwarynda HHR-niň Başlygy bilen Pekinde geçirilen duşuşykda şeýle belledi:
“Türkmenistan Hytaýa esasy daşary ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri we ygtybarly ýurt hökmünde garaýar. Biz deňlik we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy ugrunda çykyş edýäris”.
2000-nji ýyllaryň başyndan bäri Hytaý Türkmenistanyň esasy ykdysady hyzmatdaşlaryndan birine öwrüldi. Energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasyny düzýär, 2009-njy ýylda Özbegistanyň we Gazagystanyň çäginden geçýän Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmegi, sebitdäki energetika hyzmatdaşlygynda hakyky öňegidişlik boldy.
Häzirki wagtda Hytaý türkmen gazyny iň uly satyn alyjy hökmünde durnukly eksporty we ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin durnukly girdejileri üpjün edýär. Hytaý önümçilik we ulag infrastrukturasyna, şol sanda dünýädäki iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmäge uly möçberde maýa goýdy.
Emma ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz diňe bir energetika boýunça hyzmatdaşlyk bilen çäklenmeýär. Hytaý kompaniýalary gurluşyk, telekommunikasiýa, agrotehnologiýa we sanly özgerişlere gatnaşýarlar.
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljekdäki mümkinçilikleri nähilli?
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini we sebitde ösýän ýagdaýy göz öňünde tutup, bu – Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Hytaýyň “Guşak we ýol” başlangyjynyň strategiýasynyň çäginde ulag we logistika merkezleriniň yzygiderli ösüşidir.
Şunuň bilen birlikde, senagatda we energetikada ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem sanly özgerişlere we akylly infrastruktura maýa goýumlary ýaly ugurlar zerur bolar.
Söwda gatnaşyklaryny oba hojalyk önümleri, dokma önümleri we gaýtadan işlemek arkaly giňeltmek geljegi uly bolup görünýär. Elbetde, bilim we hünär taýýarlygy pudagynda bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdirilmegi hem ileri tutuýan ugurlaryň hataryndyr.
Şeýle hem şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda bitaraplyk forumynyň geçirilendigini göz öňünde tutmalydyrys, HHR-iň wekilleri durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin taslamalary işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýlelik bilen, Hytaý diňe bir Türkmenistanyň we tutuş Merkezi Aziýanyň esasy ykdysady hyzmatdaşy bolman, eýsem durnukly ösüş, energiýa howpsuzlygy we sebitdäki durnuklylyk meselelerinde strategiki hyzmatdaş boldy.
Häzirki wagtda gadymy döwürlerdäki Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary – infrastruktura geçelgeleri, ulag ýollary we umumy ykdysady taslamalar bilen täze durmuşa eýe bolýar.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy diňe bir ykdysadyýete däl, eýsem taryhy logikada esaslanýar: ýurtlary Beýik Ýüpek ýoly, strategiki gyzyklanmalar we geljege bilelikdäki garaýyş bilen baglanyşdyrylýar.
Türkmenistanyň mysaly, bitarap ýurduň deňagramlylygy we garaşsyzlygy saklamak bilen bir hatarda sebitleýin işlere işjeň gatnaşyp biljekdigini görkezýär.
Şeýlelik bilen beýik geçmiş deň derejede beýik gelejek üçin esas bolýar – Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän halklaryň peýdasyna.
Bekdurdy AMANSARYÝEW