Iň täze habarlar

Türkmenistan bilen Eýran iki ýurduň arasyndaky ýük akymyny artdyrmak barada ylalaşýarlar

26.05.2025 | 13:55 |
 Türkmenistan bilen Eýran iki ýurduň arasyndaky ýük akymyny artdyrmak barada ylalaşýarlar

Geçen hepde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri barada 23-nji maýda, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabatyna görä, duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi girizildi. Taraplar gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini, hususan-da, türkmen mawy ýangyjyny Eýrana göni ibermegiň, bu döwletiň çäklerinden üçünji ýurtlara üstaşyr geçirmegiň, şol sanda ony “SWAP” görnüşinde ugratmagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de elektroenergetika pudagynda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Bu babatda Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly çärelere seredildi we türkmen elektrik energiýasyny mundan beýläk-de Eýrana ibermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biri ulag pudagyndaky özara gatnaşyklardyr. Şunuň bilen baglylykda uzynlygy 242 kilometre deň bolan Gumdag — Etrek — Eýran serhedi awtomobil ýolunyň taslamasy bilen bagly meselelere garaldy we iki ýurduň arasynda ulag gatnawlaryny we ýük dolanyşygyny artdyrmak bilen bagly ylalaşyk gazanyldy.

Mejlisiň dowamynda söwda we işewürlik ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, haryt dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, 2026 — 2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny taýýarlamak barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek barada maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň, beýleki çäreleriň geçirilmegi, bu ugurda “Ýol kartasynyň” taýýarlanylmagy hem-de Türkmen-eýran işewürlik geňeşiniň döredilmegi netijeli gatnaşyklary ilerletmäge ýardam eder. Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibine suw hojalygy ulgamynda, hususan-da, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleler girizildi.

Eýran tarapy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisinde gazanylan ylalaşyklary strategiki taýdan möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilnamalary üçin esas hasaplaýar. Hususan-da, çarşenbe güni geçirilen mejlisden soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Demir ýollarynyň Baş direktory Jabarali Zakeri Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda demirýol arakaly ýükleri üstaşyr geçirmegi ýylda dört million tonna çenli artdyrmak meýilnamasyny mälim etdi. “NOURNEWS” onuň sözlerine görä, geçen ýyl iki ýurduň arasynda 1 million 600 müň tonnadan gowrak ýük daşalypdyr we taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mukdary ýylda dört million tonna çenli ýokarlanar. Iki ýurduň arasyndaky Sarah, Lotfabad we Inçebrun ýaly serhet meseleleriniň çözülmegi bilen demir ýol aragatnaşygynyň artmagyna garaşylýar. Zakeriniň sözlerine görä, Lotfabad serhet terminalynda söwdagärlere we ýük eýelerine ýükleri üstaşyr geçirmek üçin aýratyn ýeňillikler berilýär we ilkinji gezek bolup geçýän Lotfabad serhet terminalyndan demirýol gatnawyna 170,000-den 200,000 tonna çenli ýük goşular we bu terminaldan ep-esli ýük daşalýar.

ORIENT

Ýene-de tema boýunça

Tähran we Aşgabat özara söwda dolanşygynyň mukdaryny 5 esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan Eýranyñ üsti bilen beýleki ýurtlara gazyñ üstaşyr geçirilmegini artdyrmagy göz öňünde tutýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Foto: NourNews

Şeýle hem okaň: