Türkmenabatda mineral dökünleriniñ önümçiligi boýunça täze toplum gurlar
26.05.2025 | 13:00 |Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini zerur bolan fosforly dökünler bilen üpjün etmek hem-de mineral dökünleriň täze görnüşini öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
ORIENT