Stambulda ikinji gezek "Furnishings & Design Istanbul" atly Halkara mebel we dizaýn sergisi geçiriler
26.05.2025 | 09:05 |2025-nji ýylyň 25–27-nji sentýabry aralygynda Stambulyň Sergiler merkezinde (İstanbul Fuar Merkezi) "Furnishings & Design Istanbul" (FDI) atly ikinji Halkara mebel we dizaýn sergisi geçiriler. Çäräniň guramaçysy MOS Fuarcılık A.Ş. kompaniýasydyr.
Sergi aşakdaky ugurlary öz içine alýar:
– mebel we onuň goşundylary,
– öý tekstil önümleri,
– yşyklandyryş çözgütleri,
– bezeg önümleri we gap-gaçlar,
– halylar we pol örtükleri,
– bag, aşhana we ofis mebelleri.
«Dizaýn ýene-de Stambulda» diýen şygar bilen geçirilýän FDI sergisi türk içki bezeg senagatynyň dünýä derejesindäki brend derejesine çykarylmagyna, özüniň özboluşly dizaýn çözgütleri bilen goşant goşmagy maksat edinýär. Serginiň esasy temalary: dizaýn, innowasiýalar, durnukly ösüş we täzeçillikdir.
FDI halkara satyn alyjylar, dizaýnerler we uly göwrümli taslamalaryň üstünde işleýän hünärmenler üçin işewür gatnaşyklary gurmak we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýän platforma bolar. Has giňişleýin maglumat serginiň resmi sahypasynda ýerleşdirilýär: https://fdistanbul.com/
ORIENT