Iň täze habarlar

Merkezi Aziýa bilen Hytaý gümrük hyzmatdaşlygyny üç täze ylalaşyk bilen berkidýär

23.05.2025 | 15:15 |
 Merkezi Aziýa bilen Hytaý gümrük hyzmatdaşlygyny üç täze ylalaşyk bilen berkidýär

Almatyda Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri komiteti tarapyndan guralan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji maslahaty üstünlikli tamamlandy. Foruma Gazagystanyñ, Hytaýyñ, Gyrgyz Respublikasynyñ, Täjigistanyñ, Türkmenistanyñ we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Gatnaşyjylar köpugurly gümrük hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, aýratyn hem gümrük ulgamlarynda sanlylaşdyrma we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy barada maslahatlaşdylar. Her ýurt prosesleriñ awtomatizasiýasy boýunça öz tejribesi bilen paýlaşdy. Geçelgeleriň işiniň kämilleşdirilmegine, serhet gözegçiliginiň utgaşdyrylmagyna we geçirijilik ukybynyň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem işgär taýýarlygyna we tejribe alyşmagyna uly üns berildi.

Maslahatyň möhüm netijeleriniň biri hem «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ikinji sammitde serediljek resminamalaryň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we üç esasy ylalaşyga gol çekilmegi boldy:

  1. «Merkezi Aziýa – Hytaý» gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň beýany;
  2. Göze görünmeýän barlag we şekilleri intellektual tanamak ulgamynda tehniki hyzmatdaşlyk baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  3. Gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Bu resminamalar taraplaryň gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek baradaky ylalaşyklaryny berkidýär.

22.05 (2).jpg

ORIENT

Foto: tamognia.tj

Şeýle hem okaň: