Iň täze habarlar

Hytaýyň Çžeszýan welaýatyndan Türkmenistan arkaly Azerbaýjana täze ýük daşaýyş ugry açyldy

19.06.2025 | 13:48 |
 Hytaýyň Çžeszýan welaýatyndan Türkmenistan arkaly Azerbaýjana täze ýük daşaýyş ugry açyldy

Çarşenbe güni gündogar Hytaýyň ykdysady taýdan ösen welaýatlarynyň biri bolan Çžeszýanyň Szinhua şäherinden Türkmenbaşy portuna ilkinji ýük otlusy ugrady. Bu waka, Çžeszýan welaýatyndan ugur alýan Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň resmi taýdan açylandygynyň nyşany boldy.

Otly egin-eşik, aksessuarlar, metal şaýlary we beýleki harytlar ýerleşdirilen 100 sany standart konteýnerden ybarat. Ol Türkmenbaşy portuna gelip ýetmegi bilen, konteýnerler Hazaryň üstünden suw ýoly arkaly Azerbaýjanyň Baku şäherindäki porta geçirilýär.

Ýük otlusy Hytaý-Kazagystan serhedindäki Horgos geçelgesinden geçip, Almaty, Daşkent we Aşgabat ýaly uly şäherlerden geçer. Täze ulag geçelgesiniň, Aktau portundan Baku ugruna düşýän logistiki basyşy azaltmak we Hytaý harytlarynyň Merkezi Aziýa hem-de Merkezi-Gündogar Ýewropa bazarlaryna eltilmegini çaltlandyrmak mümkinçiligini döredýändigi bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, bu ýol Çžeszýan welaýatynyň halkara demir ýol ýük daşamalary boýunça açan 26-njy logistika ugry bolup durýar.

ORIENT

Foto: dk.news

Şeýle hem okaň: