Iň täze habarlar

MIT täze 3D aýna çap tehnologiýasyny hödürledi

19.06.2025 | 18:05 |
 MIT täze 3D aýna çap tehnologiýasyny hödürledi

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) Linkoln barlaghanasynyň alymlary pes temperaturaly 3D aýna önümlerini çap etmek tehnologiýasyny işläp düzdi.

Esasy täzelik — ýörite kompozit ýüpi bolup, ol adaty çap ediji uçlary ulanmaga mümkinçilik berýär. Munuň netijesinde gyzgyn aýna bilen işlemek zerurlygy aradan aýrylýar we bu prosesi has elýeterli edýär.

Bu ýüpden çap edilen modelleri berkitmek üçin ýörite oturdylan peç gerek däl. Olary diňe 250 °C çenli gyzdyrylan ýagda goýmak ýeterlikdir. Ýüp silikat esasly we nanobölejikli “organiki däl kompozit aýnadan” düzülendir.

Bu tehnologiýanyň esasy maksady — ýokary temperatura çydamly elektron komponentleri we mikroakym ulgamlary ýaly senagat önümerini çap etmekdir. Şeýle-de bolsa, tehnologiýa 3D çap bilen gyzyklanýan höwesjeňler üçin hem özüne çekiji bolup biler.

ORIENT

Foto: MIT

Şeýle hem okaň: