Iň täze habarlar

Honor Magic V5: Emeli aňly iň inçe eplenilýän smartfon Samsung Galaxy Z Fold 7-ä bäsdeş bolýar

19.06.2025 | 17:55 |
 Honor Magic V5: Emeli aňly iň inçe eplenilýän smartfon Samsung Galaxy Z Fold 7-ä bäsdeş bolýar

Honor täze Magic V5 eplenilýän smartfonyny tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Bu enjam geljekki Samsung Galaxy Z Fold 7-ä göni bäsdeş hökmünde görkezilýär. Kompaniýa eýýäm enjamyň tizden çykjakdygyny habar berýän tizeri hödürledi.

Geçen ýylda Honor Magic V3 eplenilýän ýagdaýda bary-ýogy 9,3 mm bolan iň inçe smartfonlaryň biri boldy. Tizerde görkezilişine görä, täze Magic V5 has-da inçe bolar, emma takyk ölçegleri entek mälim edilmedi.

Ultra-inçe korpusdan başga-da, Honor Magic V5-i «iň inçe we iň ýeňil», şeýle hem «häzirki wagtda iň güýçli emeli aňly enjam» hökmünde häsiýetlendirýärler. Kompaniýa şeýle hem «kompýuter derejesindäki öndürijiligi» wada berýär.

Honor Magic V5-iň Hytaýda tanyşdyrylyşy 2-nji iýula meýilleşdirilýär, soňra bolsa ol dünýä bazaryna çykarylar. Bu bolsa Samsung Galaxy Z Fold 7-niň 9-njy iýulda boljak tanyşdyrylyşyndan öň bolar.

ORIENT

Foto: Honor

Şeýle hem okaň: