Palestinanyň täze Ilçisi Aşgabada geldi: Türkmenistanyň DIM-däki duşuşyk
19.06.2025 | 22:30 |19-njy iýun, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Rana Abu Hijleh bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Meredow Palestinanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegiň ileri tutulýan ugurlaryny barada pikir alyşdylar diýip, DIM-iň habarynda aýdylýar.
ORIENT