Eýran bilen Türkmenistan özara söwdanyň möçberini 30% ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärler
19.05.2025 | 20:45 |Eýran bilen Türkmenistanyň bilelikdäki söwda edarasynyñ başlygy iki ýurduň özara söwda möçberini 30% artdyrmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynda eksport mümkinçiliklerine bagyşlanan ilkinji sergisinden soňra habar berildi.
Golestan welaýatynyň Senagat, magdançylyk we söwda edarasynyň ýolbaşçysy Ramazan Bahrami 4–6-njy maý aralygynda Gorganda geçirilen üç günlük çäräni Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň strategik ähmiýetli tapgyry hökmünde häsiýetlendirdi. Ol bu sergini sebitleýin ykdysady diplomatiýany berkitmäge gönükdirilen anyk ädim hökmünde atlandyrdy diýip, Tehran Times habar berýär.
Gorganyň Halkara sergi merkezinde geçirilen çärä Türkmenistandan 53 hususy kompaniýa we 12 döwlet edarasy gatnaşdy. Bu sergi eýranly senagatçylaryň we telekeçileriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.
«Türkmenistan garaşsyzlygyny alaly bäri ilkinji gezek şeýle sergi Eýranda geçirildi, we Golestan welaýatyna bu çäräni kabul etmek miýesser etdi» - diýip, Bahrami aýtdy. «Sergi hususy pudak bilen döwlet edaralarynyň arasyndaky ylalaşygyň netijesi bolup, onuň netijeleri garaşylanlardan hem ýokary boldy».
Bahraminiň aýtmagyna görä, serginiň maksady söwda gatnaşyklaryny giňeltmekden we Türkmenistanyň senagat hem-de eksport mümkinçiliklerini Eýranyň bazarynda görkezmekden ybarat. Ol iki ýurduň hususy pudaklarynyñ bilermen toparlaryna we göni gepleşiklere gatnaşmagynyň täze hyzmatdaşlyklary başlatmak üçin oňaýly şert döredendigini belledi. Nebit-himiýa, nebit önümleri, gurluşyk materiallary, azyk senagaty, dokma we logistika ýaly ugurlarda deslapky ylalaşyklar gazanyldy.
Bahraminiň sözlerine görä, geçen ýyl iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygy takmynan 600 million dollara ýetdi. Bu serginiň döredýän itergi güýjüniñ hem-de täze işewür gatnaşyklarynyň netijesinde, Eýran bilen Türkmenistan bu görkezijini azyndan 30% artdyrmagy maksat edinýärler. «Bu ösüşiň bir bölegi ýakyn aýlarda durmuşa geçiriler, galan bölegi bolsa indiki ýylyň eksport statistikasynda görkeziler» - diýip, ol aýtdy.
Golestanyň saýlanylmagy barada gürrüň berip, Bahrami onuň strategik etniki, medeni we geografiki baglanyşyklaryna ünsi çekdi. «Golestan we Demirgazyk Horasan welaýatlarynda bir milliondan gowrak etniki türkmen ýaşaýar, bu bolsa Türkmenistan bilen ykdysady, medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin tebigy esas döredýär» - diýip, ol belledi.
Bahrami sergä Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan hem wekiliýetler gatnaşyp, onuň diňe iki ýurduň arasynda däl, eýsem giň sebitara platforma öwrülendigini belläp geçdi.
Geljekki meýilnamalar barada durup geçeninde, Bahrami Türkmenistanyň Balkan welaýatynda jogap hökmünde eýran sergisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Şeýle hem, ol Golestanyň Türkmenistan bilen demir ýol ulgamynyň, Inçeh-Borun erkin söwda zolagynyň, port infrastrukturasynyň we Merkezi Aziýa bilen medeni gatnaşyklarynyň netijesinde, Eýranyň demirgazyk-gündogar söwda geçelgesine «derweze» hökmünde aýratyn orun eýeleýändigini nygtady.
Mundan ozal, Iran Expo 2025 sergisiniň çäklerinde geçirilen bilelikdäki işewürlik forumynda Eýranyň Ulag we şäher ösüş ministriniň geňeşçisi Seýed Hosseýn Mirşafi Aşgabat, Gorgan, Bender-Abbas we Çahbehar ýaly şäherleriň arasynda göni howa gatnawlaryny giňeltmäge taýýardyklaryny aýtdy hem-de sebitde, aýratyn-da Owganystanda we Yrakda ulag maýa goýum mümkinçilikleriniň strategik artykmaçlyklary barada aýtdy.
Mart aýynyň başynda Eýran bilen Türkmenistanyň bilelikdäki söwda edarasy iki ýurduñ arasynda olaryñ bilelikdäki söwda edaralarynyñ goldaw bermegi bilen eksporty we söwda alyş-çalyşlaryny giňeltmek maksady bilen ýörite ykdysady konsorsiumyň döredilendigini yglan etdi.
Maý aýynda Tähranda iki ýurduň bilelikdäki ykdysady komitetiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mejlisde iki ýurduñ arasyndaky ulag hyzmatdaşlygynyň ýol kartasy, tehniki we inženerçilik hyzmatdaşlygynyň ýol kartasy, şeýle hem energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýol kartasy ara alnyp maslahatlaşylar.
ORIENT
Tema boýunça:
Eýran bilen Türkmenistan ýolagçy otlularyny ýola goýmak boýunça ylalaşýarlar
Eýran Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga sebitleýin gaz bazaryna çykalga hökmünde garaýar
Eýran bilen Türkmenistan söwdany höweslendirmek üçin ykdysady konsorsium döredýärler