Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylar sylaglandy

21.05.2025 | 16:25 |
 Türkmenistanyň Bilim ministrliginde halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylar sylaglandy

2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geneşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada TBM habar berýär.

Maý aýynyň 4-12-si aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Dahran şäherinde 25-nji Aziýa Fizika olimpiadasy (25th Asian Physics Olympiad, APhO-2025), 5-13-i aralygynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Belu-Orizonti şäherinde 59-njy Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy, maý aýynyň 7–13-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 3-nji Al-Horezmi adyndaky halkara matematika we informatika olimpiadasy (3rd Al-Khwarizmi International Mathematics and Informatics Olympiad) geçirildi. Bu olimpiadalara ýurdumyzyň mekdep okuwçylary gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler hem-de baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Halkara fizika bäsleşiginiň jemi boýunça, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mähriban Kakamyradowa kümüş medala, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Nuryýew Jumadurdy we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwlet Annamyradow höweslendiriji baýraga mynasyp bolmagy başardylar.

1

Halkara Mendeleýew himiýa bäsleşiginiň jemi boýunça, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Jumaýew Rüstem kümüş medala mynasyp boldy, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwletow Diýar, 12-nji synp okuwçylary Atajanowa Aýgül we Akmyradowa Jeren bürünç medallary gazanmagy başardylar.

3-nji Al-Horezmi adyndaky halkara matematika we informatika olimpiadasynyň jemi boýunça zehinli okuwçylarymyz 12 sany, şol sanda: 1 sany altyn, 3 sany kümüş, 8 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Olimpiadada matematika dersinden Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow altyn medala, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Ýusup Resulow, Aşgabat şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Omar Döwranow kümüş medallara, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçylary Serdar Nazaröwezow, Akmyrat Akmyradow, 9-njy synp okuwçylary Ýeňiş Akmämmedow, Atabaý Akmyradow, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Azat Nepesow, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Röwşen Seýitkulyýew, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mekan Döwletýarow bürünç medallara, informatika dersi boýunça Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Kasym Köçekow kümüş medala, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Akmuhammet Şöhratgeldiýew bürünç medala eýe bolmagy başardylar.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: