Aşgabatda Özbegistanyň daşary söwda işiniň amallary boýunça okuw sapagy geçirildi
16.04.2025 | 22:20 |15-16-njy aprelde Aşgabatda “Özbegistan Respublikasynyň çäginde daşary söwda işleri: harytlary import etmek, üstaşyr geçirmek we eksport etmekde gümrük amallary” atly iki günlük okuw sapagy geçirildi. Bu çäre, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Halkara söwda merkeziniň (HSM) “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa” atly taslamasynyň çäginde geçirildi.
Bu okuw sapagy, gender taraplaryny göz öňünde tutup serhetýaka söwdany ösdürmäge gönükdirilen taslamanyň bir bölegi boldy. Zenan telekeçiler, logistika kompaniýalarynyň işgärleri we serhetýaka söwdany kadalaşdyrmak pudagynda işleýän döwlet edaralarynyň wekillerine gönükdirildi. Esasy üns söwda dolanyşygynyň artmagy we erkin söwdanyň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmek nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biri bolan Özbegistan bilen daşary söwda işlerini alyp barmak tejribesine gönükdirildi.
Sessiýalary uly tejribesi bolab bilermenler – Özbegistanyň gümrük dellalçylary assosiýasynyň başlygy Arsen Aýrapetýans we onuň orunbasary Enwer Halilow dagylar geçirdi. Daşary söwda şertnamalaryny baglaşmagyň amallary, özbek hyzmatdaşlary bilen gepleşik geçirmek tejribesi, şeýle hem gümrük düzgünleri: Özbegistanyň çäginde harytlary import etmek, üstaşyr geçirmek, wagtlaýyn saklamak we gaýtadan işlemek barada jikme-jik gürrüň berdiler.
Özbegistanda kabul edilen Daşary söwda amallarynyň bitewi elektron ulgamy we “E-Tranzit” ýaly elektron ulgamlarynyň işine aýratyn üns berildi. Gatnaşanlar iki ýurduň arasynda gümrük paçlary, ýeňillikler, eksport-import amallarynyň aýratynlyklary, şeýle hem fiziki taraplaryň serhetden geçmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Amaly maşklar we açyk çekişme gatnaşyjylara Özbegistanyň kadalaşdyryjy aýratynlyklaryna has çuňňur düşünmäge ýardam etdi, bu bolsa daşary söwdany iň ýokary netijelilik bilen alyp barmaga taýýarlygyny ýokarlandyrar.
Bu okuw sapagy zenan telekeçileriň we hünärmenleriň daşary söwda işlerine gatnaşygyny giňeltmäge, Özbegistandaky hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň aýratynlyklary barada habardarlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda işewür hyzmatdaşlygy berkitmäge we sebitde durnukly söwdany ösdürmäge ýardam etdi. HSM we ÝB, daşary ýurt bazarlaryna üstünlikli girmek üçin zerur bilimleri we gurallary elýeterli etmek bilen hususy pudagyň wekillerine goldaw bermegi dowam etdirerler.
Taslama barada
Halkara söwda merkezi (HSM) Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa” atly dört ýyllyk tehniki kömek taslamasyny durmuşa geçirýär. Taslamanyň maksady, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goldaw bermekden we ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmekden ybaratdyr. Bu, iş gurşawy gowulandyrmak arkaly söwdada bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak ýoly arkaly elýeterli bolar. Taslama, Türkmenistanyň halkara ykdysady özara täsirini we sebit hem-de dünýä söwdasyna gatnaşmagyny ösdürmegi maksat edinýär.