Türkmenistanyň Döwlet sirkine biletleri indi onlaýn satyn alyp bolýar
20.06.2025 | 16:08 |Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň resmi saýtynda täze funksiýa peýda boldy – indi tomaşa biletleri onlaýn tertipde satyn alyp bolýar. Bu girizilen täzeçilik satyn alyş prosesini ep-esli derejede aňsatlaşdyrýar.
Biletleri satyn almak üçin sirkiň https://sirk.gov.tm/ saýtynda ýönekeý hasaba alyşy geçmeli hem-de şahsy akkaunty döretmeli. Soňra “Biletler” bölümine geçip, elýeterli tomaşany saýlap almaly.
Ulanyjylara islenilýän orun sanyny saýlap almak teklip edilýär. Boş ýerler boş belgiler bilen bellenen, alnan ýerler bolsa çal reňk bilen reňklenen. Orunlar saýlanandan soňra, “Satyn almak” düwmesine basmaly, bank kartynyň maglumatlaryny girizmeli we tölegi tassyklamaly.
Töleg üstünlikli amala aşyrylandan soň, biletler “Meniň biletlerim” bölüminde çykar. Bu bölüm ulanyjynyň şahsy otagyndaky sahypanyň ýokarky sag burçunda ýerleşendir.
ORIENT