Iň täze habarlar

Kent döwlet uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

21.06.2025 | 17:30 |
 Kent döwlet uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda myhmanlar bu ýokary okuw mekdebiň taryhy, gurluşy, halkara hyzmatdaşlygy we ylmy işleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Marçello Fantoni ýokary okuw mekdebinde mähirli garşylanandygy üçin iň gowy arzuwlaryny we minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem ol, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini belledi. Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti, degişli ugurlar boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi we bu ugurda zerur çäreleriň görüljekdigini belläp geçdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýyl Kent döwlet uniwersiteti we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnama bilelikdäki ylmy-barlag işleri, bilim maksatnamalary, talyp alyş-çalyşlaryny we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny öz içine alýar.

Duşuşykdan soňra myhmanlar üçin uniwersitetde hereket edýän «Parahatçylyk, ynanyşmak –ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly ÝUNESKO klubyna, şeýle hem «IUHD HUB» atly talyplar merkezine gezelenç guraldy.

ORIENT

Foto: bilim.tm

Şeýle hem okaň: