Türkmenistanyň Prezidenti kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
21.06.2025 | 04:15 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutany gutlagynda Oleg Kononenkona jan saglyk, uzak ömür, bagt we maşgala abadançylygy arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezident kosmonawta älem giňişligini özleşdirmekde alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi we bu ugurdaky onuň goşandynyň ähmiýetini belledi.
ORIENT
Ýene-de tema boýunça
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni Oleg Kononenko ýaşajyk suratkeşden sowgat aldy
Wladimir Putin Oleg Kononenko orden gowşurdy