Türkmenistan Aziýanyň kibersport bileleşigindäki täsirini güýçlendirýär
14.04.2025 | 16:25 |Ýakyn günlerde göni aragatnaşyk arkaly Aziýanyň kibersport federasiýasynyň (AESF) Birinji saýlaw Baş assambleýasy geçirildi. Assambleýanyň dowamynda Türkmenistanyň Milli elektron sporty federasiýasynyň prezidenti Mekan Eýeberdiýew AESF dolandyryşynyň agzasy bolup saýlandy.
Assambleýanyň işine Aziýa ýurtlarynyň milli kibersport federasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (OCA) baş direktorynyň orunbasary jenap Winod Tiwari gatnaşdy. Munuň özi çäräniň ýokary derejesini hem-de kibersportyň ösüşine yklym derejesinde berilýän ähmiýeti açyp görkezýär.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň fewral aýynda Merkezi Aziýanyň kibersport birleşigi resmi taýdan esaslandyryldy. Bu bolsa täze sebitleýin edara bolup, sanly sporty ösdürmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.
Birleşigiň saýlaw Baş assambleýasynyň netijeleri boýunça Mekan Eýeberdiýew Merkezi Aziýanyň Kibersport birleşiginiň wise-prezidenti hökmünde saýlandy. Türkmenistanyň Milli elektron sporty federasiýasynyň Baş sekretary Nazar Udemyradow Birleşigiň Baş sekretary bolup saýlandy. Bu gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň halkara kibersport hereketiniň işjeň gatnaşyjysy hökmündäki ornunyň ykrar edilmegini açyp görkezýär, şeýle hem hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak hem-de sebt we aziýa derejelerinde sport başlangyçlaryny öňe sürmek üçin täze gözýetimleri açýar.
ORIENT news