Wolgogradyñ kärhanalary türkmen dokma önümlerini satyn almak barada maslahatlaşdylar
12.04.2025 | 11:40 |Wolgograd oblastynda ýerli ýeñil senagaty kärhanalaryñ ýolbaşçylarynyñ Türkmen wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Wolgograd oblastynyñ ykdysady syýasaty we ösüş komitetiniñ meýdançasynda işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pagtadan ýasalan dokma önümleri satyn almak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wolgograd tarapyna sekiz sany kärhana wekilçilik etdi. Olaryñ arasynda "Kamyşyn dokmasy" atly kärhana öñdebaryjy hasaplanylýar. Şeýle hem, 5D-printerler we senagat enjamlary, üstki egin-eşikler, poligrafiýa önümleri we taýýar dokma önümler öndürijileri satyn almalara gyzyklanma bildirýär.
Oblastyñ ykdysady syýasaty we ösüş komitetinde bellenilşi ýaly, dialogyñ dowamynda Wolgograd oblastynyñ we Türkmenistanyñ arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyñ giñeldilmegi esasy tema boldy. Duşuşyk ýerli öndürijilere daşary ýurt hyzmatdaşlarynyñ gözleglerinde ýardam bermegiñ çäklerinde geçirildi.
ORIENT news