Iň täze habarlar

Astrahandaky Magtymguly adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat bäsleşiginiň jemi jemlendi

11.04.2025 | 18:35 |
 Astrahandaky Magtymguly adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat bäsleşiginiň jemi jemlendi

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda surat çekmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasy boldy.

1

Bu orta mekdep okuwçylarynyň arasyndaky bäsleşik Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Konsuly, mugallymlar, mekdep okuwçylar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar. Bäsleşige mekdebiň 1-9 synp okuwçylary gatnaşdylar. Ýaş suratkeşler öz işlerinde parahatçylyk, hoşniýetlilik, halkyň arasynda dostluk we Bitaralyk barada ylham beriji temalaryndan peýdalandylar.

2

Çagalaryň surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşige Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky orta mekdebiniň okuwçylaryň arasynda hem geçirildi we oňa gatnaşyjylar öz döredijilik işlerini hödürlemek bilen uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Baýrak gowşurylyş dabarasy orta mekdepleriň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly guraldy.

3

Ýeňijiler hormat hatlar, ýadygärlik we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Aýratynlygy bilen saýlanan işler Türkmenistanyň Konsullygy tarapyndan ýörite baýraklar gowşuryldy.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan ş.)

Şeýle hem okaň: