Iň täze habarlar

Mekdep okuwçylarynyň arasynda Himiýa dersi boýunça onlaýn internet olimpiadasy geçirildi

15.04.2025 | 11:31 |
 Mekdep okuwçylarynyň arasynda Himiýa dersi boýunça onlaýn internet olimpiadasy geçirildi

2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda Himiýa dersi boýunça sanly ulgam arkaly “Zehinli ýaş himikler” atly onlaýn internet olimpiadasy “moodle” platformasynda (https://ticit.edu.tm/) şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullygy habar berýär.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildiren ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Himiýa dersinden etrap, welaýat we Döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar hem hasaba alyndy.

Olimpiada jemi 461 sany okuwçy hasaba alyndy. Ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiligi arkaly okuwçylaryň toplan ballaryň jemi boýunça jemi 126 şahsy ýeňijileri kesgitlenildi. Olar bäsleşigiň II tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň II tapgyry 2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde sagat 10:00 da geçiriler.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: